Dünýäde almanyň 7 müňden gowrak görnüşi bar. Alma dünýäniň iň bir köp iýilýän ir-iýmişleriniň hataryna girýär. Biz ony ter görnüşinde we ondan şerbet, bal gaýnadyp iýýäris. Almanyň 200 gramynda 104 kilokaloriýa bar. Almanyň 80 göterimi suwdan, 20 göterimi bolsa kletçatkadan we beýleki maddalardan ybaratdyr. Onuň düzüminde uglewodlar, witaminler, minerallar we kaliý, kalsiý, demir, sink, ýod bar.
Almanyň düzümindäki maddalar holesteriniň mukdaryny azaldýar, gan basyşynyň peselmegine eltýär. Ondaky C witamin adamyň immun ulgamyny güýçlendirýär, kaliý bolsa ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda oňaýly täsir edýär, buşukmagy ýeňilleşdirýär. Sink immun ulgamyny berkidýär, horlanmaga ýardam berýär.
Almanyň düzümindäki kwersetin beýniniň zeperlenmesiniň öňüni alýar. Düzüminde demir bolansoň ol demir ýetmezçilikli ganazlykda ulanylýar. Alma iýmit siňdiriş ulgamynyň gowulaşmagyna ýardam berýär, iç gatamanyň öňüni alýar.
Almanyň düzümindäki pektin bedeni zäherli maddalardan arassalaýar, pektiniň mikroblary gyryjy täsiri hem bar we ol dişi arassalaýar. Günde 1-2 sany alma iýmek bolar. Onuň gabygynda peýdaly zatlaryň köpdügi üçin ony artman iýmeli.
Alma çigidiniň 150 sanysy iýlende zäherlenme döräp biler, az mukdarda iýlende, onuň hiç hili zyýany ýokdur. Alma iýlende allergiýa döreýän adamlar ony iýmeli däldirler. Ýara-baş keselinde, aşgazan jerhetlenmesiniň beterleşmesinde, içgeçmede alma iýmek bolmaýar.
Çarymyrat ANNAMUHAMMEDOW.