Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary üçin ýatdan çykmajak günleriň, taryhy wakalaryň biri boldy. Çünki, bu ajaýyp günde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport desgasy hem-de aýlawly ýoluň ugrunda monument açylyp, ulanylmaga berildi.
Şatlyk-şowhuna beslenen ajaýyp baýramçylyk gününde institutyň täze goşmaça okuw binasynyň öňündäki meýdançada Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde kompozisiýa tomaşa edildi. Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Energetika ministri Annageldi Saparow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory Serdar Nazarow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda mugallymlary we talyp ýaşlary açylyş dabarasy bilen gutlap, olara okuwlarynda, işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler we okamaga, yhlasly zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Soňra açylyş dabarasynda ýaşuly nesliň wekilleri täze okuw binasynyň toý bagyny kesip berdiler. Şowhunly el çarpyşmalar bilen dabara gatnaşyjylar binanyň içine girdiler we onuň mejlisler zalynda geçirilen maslahata gatnaşdylar.
Mejlisler zalynda ajaýyp çykyşlara giň orun berildi. Onda Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Daşky gurşawy goramak, Durnukly Ösüş we energetika departamentiniň müdiri Farhat Orunow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň taslama ýolbaşçysy Batyr Ballyýew, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň Ýaşyl Merkezi Aziýa maksatnamasynyň direktory, doktor Karolina Milow hem-de Germaniýanyň Merkezi Aziýa durnukly innowasiýa býurosynyň direktory, doktor Piter Libert instituta dürli ugurlar boýunça berlen sertifikatlaryň 8-sini gowşurdylar.
Sülgün ŞADYÝEWA.