Agzyna gulp urmak — geplemez ýaly etmek, agyz ýaryp bilmez ýaly etmek, agzyna berk bolmaga mejbur etmek.
Agzyna salyp bermek —aýtjak gepini aýdyp bermek, diýjek zadyny salgy bermek, öwretmek.
Agzyna sogan dogramazlyk — äsgermezlik etmeklik, aýdanyny diňlemezlik, sylag--hormat goýmazlyk.
Agzyny ýerden tapan ýaly — hetdenaşa köp gepleýän, bolgusyz zatlar barada lakgyldap ýörýän.
Agzyny ysgamak — içginsirän bolup, bir zat barada biriniň pikirini bilmäge çalyşmak, osmakladyp sorap, pikirini biljek bolmak.
Agzyň gyzmak — gyzyşyp hetdenaşa köp gürlemek, artykmaç ýaňramak.
Agzyň ýelini almak — 1. Gürläp keýpden çykmak, müň gepiň başyny agyrtmak. 2. Biriniň üstüne gygyrmak, käýinmek.
Agzyna zäk (öt) atylan ýaly bolmak — ýakymsyz gürrüň, habar eşidip, örän gynanmak, bir waka üçin awunmak.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.