Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mekdep okuwçylarynyň iň bir arzyly, şatlyk-şowhuna beslenýän ajaýyp döwri — tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy. Şolar ýaly merkezler Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu merkezlerde çagalaryň gowy dynç almaklaryna ähli şertler döredilen. Şeýle-de, bu ýerde kompýuter zaly, oýun oýnalýan merkez, saglygy goraýyş bölümi, sport meýdançalary, suw howdanlary çagalara hezillik baryny eçilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny has-da gyzykly we täsirli geçirmekleri üçin medeni-köpçülik, sport-bedenterbiýe çäreleri geçirilýär, dürli bäsleşikler guralýar. Türkmenistan döwletimiz bagtly çagalygyň hem-de isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr.
Muhammetberdi KUŞIÝEW.