Oba agzybir bolsa goňşaralyga haýat galdyrylyp, ýylgyndan ganat ýasap, ýa çitenekli sim çekilip araçäklenilmeýär. Şonuň üçin obamyzyň bu başyndan ol başy görnüp durandyr. Ýöne mellegarada iki gyrasy miweli bag ekilen, gapdaly ak ýodaly ýansalmalar araçäk görnüşinde durardy.
Bir sapar agşamky şemala tänen eriklerden ýaňa, biziň mellegmiz-ä gyzyl ýaýyrt welin, goňşy mellekde-de aýak basara ýer ýokdy. Men her biri bäbek ýumrugy ýaly irbişer, alýaňak erikleri çöpläp ýörşüme, ýansalmadan böküp geçip, goňşular tarapa gaçanlaram alyp ugradym. Ony gören Hojahmet kakam: «Döwwe, gaýdaweri, aýp bolar. Düýbi bizde bolsa-da, şahasy goňşa geçen bagyň miwesi, biýarasy goňşa geçen bakjaň önümi goňşyň paýydyr. Iň bärkisi, goňşularyň melleginde käkeleýän towuk seňki bolsa-da, ýumurtgasy oňkudyr. Gadym döwürler atan awyň goňşa geçse-de alynmandyr. Bu däp ata-babalaryň goňşular baradaky ýazylmadyk kanunydyr. Ana, seret, goňşy Gutly kaka-da bärik gaçan almalary almandyr-a. Doňňara daşly gaýadyr welin, şoňa-da «Salam!» diýip gygyrsaň, olam saňa üç esse köpeldip jogap berýändir.
«Keçe satsaň goňşa sat, üstünde oturyp gaýdarsyň. Baggoýnuňy goňşa sat, şorundan batyrnyp gaýdarsyň» diýýän türkmen aga gowy goňşusyny gardaşyndan gowy görýändir... Goňşy bilen hoşniýetli, dostana gatnaşygyň, mylakatly baryş-gelşiň, alyş-berşiň ýazylmadyk kanuny bolsa nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes mirasdyr» diýip, edep beripdi. Her sapar sap-sary bişen erikleriň ysy ýellere garyşyp, gursagyma dolanda, ata-baba ýagşy däbi bozmajak bolup, miras galan agaç tabagy dolduryp goňşulara paýladýaryn. Goňşokara-da goňşaradaky gowy gatnaşygy berkitmegiň bir usuly ahyry.
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.