Borç — her bir ynsanyň üstüne ýüklenen we ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kesgitli işidir-hereketidir. Borç sözüniň bergi diýen manysy-da bardyr. Borçlaryň agramly bölegi raýatlyk we perzentlik borçlaryndan ybaratdyr. Danalaryň birinden ölmeziniň öň ýanynda bimar bolup ýatyrka: “Heý, armanyň barmy?!” diýip soranlarynda ol şeýle jogap beripdir: “Dünýede armanym ýok! Çünki, men borçlarymyň ählisini berjaý etdim. Müňde bir şükür. Allatagalada şol borçlarymy ýerine ýetirmek üçin ýaş hem berdi, wagt hem. Hiç kimiň öňünde bergim ýok!”.
Beýik akyldar Döwletmämmet Azady özüniň “Wagzy-Azat” eserinde perzendiň ata-enesiniň öňündäki berjaý etmeli kyrk borjuny dört topara bölüpdir. Akyldarlaryň her birimiziň borçlarymyz barada aýdanlaryny, sargytlaryny bilip, öwrenip goýsak, biziň hiç birimize-de artykmaçlyk etmese gerek.
***
Adamyň borjy dört görnüşe bölünýär: birinji — öz-özüniň öňündäki borjy, ikinji — maşgalanyň öňündäki borjy, üçünji — Watanyň, döwletiň öňündäki borjy, dördünji — umuman, beýleki adamlaryň öňündäki borjy.
Georg Wilgelm Fridrih GEGEL.
***
Kalbymyzdaky borç bizi adyl we arassa işlere iterýär, adalatsyzlykdan hem-de ýaramaz işlerden daşlaşdyrýar.
Samýuel SMAÝLS.
***
Adamyň borjy özündäki adamçylyk mertebeleriniň berjaý edilişinden durýandyr.
Romen ROLLAN.
***
Borç hakykat bilen berk arabaglanyşyklydyr. Borjuny duýýan adamlar, ilkinji nobatda, öz sözünde we hereketlerinde hakykatçyldyr. Nähili bolmaly, näme bolmaly, haçan bolmaly, ine, onuň sözleri-de, hereketi-de şulardan ugur alýar.
Nikolaý Wasilýewiç ŞELGUNOW.
***
Birine ýük bolma, durmuşdan sowama, sabyrly bol, rehimdar bol, asylly bol, özüňi ebediligiň bosagasynda duran ýaly görüp, söýmäge howluk — ine, seniň borjuň!
Mark Tuliý SISERON.
***
Özüňi nähili tanamaly? Syn etme bilen däl-de, işjeňlik ýoly bilen tanamaly. Öz borjuňy ýerine ýetirmäge çalyş! Şonda sen özüňde näme bardygyny bilersiň!
Iogann Wolfgang GÝOTE.
Taýýarlan
Annamyrat BERDIMYRADOW.