Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýyllyk iş meýilnamasynyň çäklerinde “Öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we halkara iş tejribeleri bilim işine giňden ornaşdyrmak” ady bilen döwlet derejesinde usuly-amaly maslahat geçirildi. Mary şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynda geçirilen bu usuly-amaly maslahata ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Bu maslahatyň açylyş dabarasynda zehinli çagalaryň döredijilik çykyşlary giň gerimde ýaýbaňlandy. Soňra çagalar bagynyň giň eýwanynda taýýarlanan görkezme çykyşlary bu maslahata gatnaşan bilim işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi. Olar çagalaryň taýýarlan çykyşlaryny mähirli el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Soňra maslahata gatnaşanlar bu ýerde öňdebaryjy tejribeli bilim işgärleriniň okuw gollanmalaryndan we görkezme esbaplaryndan guralan giň sergini hem uly höwes bilen synladylar. Körpeleriň duýgularyny ösdürmek, daş-töwerek baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek boýunça guralan öwrediji oýunlaryň ähmiýeti baradaky pursatlaryň görkezilmegi hem bu ýere ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Usuly-amaly maslahatyna gatnaşan bilim işgärleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeler, çaganyň irki ösüşini kämilleşdirmegiň innowasion usullary, mekdebe çenli Döwlet bilim standartyny çagalar baglarynyň işine ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan döwrebap işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu ýerde çaganyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we ony mekdebe taýýarlamakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler dogrusynda hem durup geçdiler. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde we ony dünýä derejesine ýetirmekde alyp barýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.








