Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata edilýän bank hyzmatynyň hilini döwrebaplaşdyrmakda degerli işler ýola goýulýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde bolsa bank hyzmatynyň hili ösüşli döwrüň talabyna laýyklykda ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet-täjirçilik bankynyň Murgap etrap şahamçasynda guralan duşuşyk gürrüňi edilýän meselä bagyşlanyldy. Duşuşyga etrap prokuraturasynyň we ady agzalan şahamçanyň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist Rejep Myradow, Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-niň Murgap etrap şahamçasynyň dolandyryjysy Döwlet Berkeliýew çykyş etdiler. Çykyş edenler müşderilere bank hyzmaty ýola goýlanda bellenilen kadalaryň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň derwaýysdygynyň üstünde durup geçdiler. Ilata bank hyzmatyny etmekde has netijeli tagallalaryň alnyp barylýandygy barada gürrüň etdiler.
Eziz GYZYLOW.








