Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp orny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesle geçmeginde ýokary ussatlyk görkezýändiklerini aýtmak gerek” diýen parasatly sözlerden ugur alynyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelen zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda, kämilleşdirmekde, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine goşantlaryny goşýan, öz ajaýyp eserleri, el işleri bilen halkymyzyň bagtly günlerini, toý-baýramlaryny bezeýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, höwesjeň zenanlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen ,,Zergärçilik sungatym- miras daragtym” atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirilip, oňa etrap, şäher tapgyrynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlar we welaýatyň edara – kärhanalarynda zähmet çekýän dürli kärdäki işewür zenanlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat zenanlar bölüminiň, welaýat häkimliginiň, medeniýet müdirliginiň guramagynda egsilmejek şatlyk-şowhuna beslenilip geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyrynda zenanlar öz saýlap alan hünärleriniň, kesp-käriniň ähmiýetini, öňlerinde goýan maksatlaryny watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşlerine türkmen zenanlarynyň goşýan saldamly goşantlaryny çeper sözüň üsti bilen wasp edip, gadymy milli şaý-sepleriň taýýarlanyş usullaryny iş gurralaryň üsti bilen görkezmek arkaly döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu ýerde zenanlaryň öz saýlap alan hünärleri, onuň wajyplygy barada beren gyzykly gürrüňleri bäsleşige tomaşa etmäge gelenlerde ýakymly duýgulary oýardy. Bäsleşigiň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaram giňden ýaýbaňlandyrylyp, gelin-gyzlaryň ümä üýşüp bagtyýarlyk döwrümizi, eli çeper türkmen zenanlarmyzy gazallaryň üsti bilen wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary bu günki bäsleşigiň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu ýerde haly önümlerinden, şaý-sepleriň nusgalyk görnüşlerinden, türkmen milli lybaslaryndan we surat eserlerinden guralan sergem dabara özboluşly millilik ruhuny çaýdy.Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň her biriniň çykyşyna emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berilip, onda üstün çykan zenanlara Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmakda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize zenan kalbyndan joşup çykýan ýürek buýsançlaryny, alkyşly sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa








