“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde “Nebit-gaz pudagy uly ösüşde” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna bu orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, bagtyýar talyp ýaşlary we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu maslahat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nebit-gaz pudagynda ýetilen belent sepgitler, bu pudakda alnyp barylýan ägirt uly işler dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen bu maslahat duşuşygy duşuşyga gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








