Düýn Mary atçylyk sport toplumynda geçirilen at çapyşygy Murgap jülgesiniň bedew muşdaklary üçin ýene bir baýramçylyga öwrüldi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda geçirilen ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dabarada ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar bolsa şowhunly ýaryşlara özboluşly bir bezeg berdi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýaz paslynyň ýekşenbe gününde şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşyklary 5 tapgyrdan ybarat boldy. Üçýaşar atlaryň arasynda geçirilen birinji çapyşyk 1200 metr aralyk bolup, oňa bäş sany bedew gatnaşdy. Onda Mary welaýat häkimliginiň aty bolan Ýeňiş 2 atly dor at 1 minut 28 sekunt wagt bilen pellehana birinji bolup geldi. K. Garýagdyýewiň seýislän bu atyny çapyksuwar T. Annaçaryýew ussatlyk bilen çapmagy başardy. Ikinji çapyşyk 1400 metr aralyk bolup, onda üçýaşar bedewleriň bäşisi özara güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Ş. Orazgeldiýewiň hojalyk aty — Garagyz atly gara gysrak 1 minut 36 sekunt wagtda gelip, ýeňiji bolmagy başardy. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän atyna B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.
Üçünji çapyşyk ýene-de 1400 metr aralyga geçirildi we oňa üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşdy. Bu gezek Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara aty ýeňiş gazandy. D. Amandurdyýewiň seýislän bu atyna Ý. Amannazarow çapyksuwarlyk etdi. Garajaoglan atly bu at pellehana 1 minut 34 sekuntda geldi.
Soňky iki çapyşyk 1800 metr aralyga geçirilip, olarda dörtýaşar we ulyýaşar atlar güýç synanyşyp öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Dördünji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli Peýdaly atly gyr at bäş atyň arasyndan saýlanyp ýeňiji boldy. Ol bu aralygy B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk etmeginde geçip, pellehana 2 minut 7 sekuntda geldi. Atyň seýsi K. Garýagdyýew. Bäşinji çapyşykda R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at bäş atdan saýlanyp pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän bu atyny çapyksuwar B. Gurbanow ussatlyk bilen çapmagy başardy. Bu at pellehana 2 minut 1,02 sekuntda gelmegi başaryp, ýeňiji boldy.
Tolgundyryjy pursatlara baý bolan bu at çapyşygyna gatnaşan bedew janköýerleridir tomaşaçylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








