Halkymyzyň ykbalyna serpaý ýapylan Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, ynsanlaryň kalbyny buýsandyrýan buşlukly habarlar mähriban halkymyzy ak daňlara ataryp, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine egsilmez alkyş, çäksiz söýgi döredýär. Watanymyzyň asudalygyny we bagtyýarlygyny pugtalandyryp, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegi baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny yhlasly işleri bilen mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her günümiziň buýsançly wakalara hoş habarlara beslenip, üstünliklerden rowaçlanmagy – bu uly döwletlilikdir, agzybirlikdir. Şeýle bagtyýar döwrüň ösüşlerine ses goşmak bolsa her birimiz üçin uly bagt, mukaddes borçdyr.
“Ýaşlar biziň geljegimizdir, ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijiler” diýip, Watanymyzyň daýanjy we söýenji bolan, nurly ertirlere maksat tutan ýaş nesillere Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn bil baglap, uly ynam bildirýär. Şu bildirilýän beýik ynam biziň her birimiziň kalbymyzy buýsandyrýar, öz işimizde ökde hünärmenler bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyza ruhlandyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň agzybir işgärleri bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde berýän tabşyryklaryny, eziz ýurdumyzda amala aşyrýan belent maksatly işleriniň ähmiýetini wagyz etmekde netijeli işleri alyp barýarys.
Ýakynda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty – Watanymyzyň röwşen gelejeginiň ak ýoly” ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary welaýat halk maslahatynyň agzalary, Agrar partiýanyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar kitaphanaçylar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine ýurdumyz boýunça görülýän taýýarlyklar, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyzyň mukaddesligi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda merdana we ruhubelent halkymyzyň maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän belent maksatly işler dogrusynda uly buýsanç bilen bellediler.
Soňra dabara gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzy rowaçly menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuwladylar.
Gurbanjemal Iliýewa.