Gadym eýýamda obalaryň birinde bir dana kişi ýaşaýar eken. Çar tarapdan gelip, oňa maslahata barar ekenler.
Günlerde bir gün obanyň itleriniň barysy birden gyrlypdyr. Obanyň adamlary bu ýagdaýa juda gynanyp, dana kişiniň ýanyna maslahata barypdyrlar. Dana kişi olaryň sözüni diňläp:
— Hiç zady gaýgy etmäň, bu ýagşylygyň alamatydyr — diýipdir:
Şol günüň ertesi obanyň ähli horazlary-da gyrlaýypdyr. Adamlar ýene dana kişiniň ýanyna barypdyrlar.
Goja kişi bolsa ýene-de:
— Ýagşylygyň alamatydyr — diýip, jogap beripdir.
Üçülenji gün diýlende, agşamlyk obanyň adamlary biş-düş üçin ot ýakjak bolanlarynda, olaryň otlary ýanmandyr. “Ýeri bu nämäniň alamatyka?!” diýşip, obanyň adamlary ör-gökden gelipdirler.
Bu bolan zatlaryň üstesine-de, duýdansyz ýerden duşman çožupdyr. Duşmanlar töwerek-daşdaky obalary haraplap, dana kişiniň ýaşaýan obasyna gelenlerinde, öýlerde yşyk garasy görünmänsoň, itleriň üýrýän sesleri eşidilmänsoň, horazlaryň gygyrýan sesleri gelmänsoň: “Bu ýerde janly-jandar ýok bolsa gerek” diýip, yzlaryna dolanypdyrlar.
Şeýlelikde dana kişiniň aýdan sözleri hakykat bolup çykypdyr.