Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýulýar.
Ýadymyzda bolsa, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi ýokarda agzanlarymyza doly şaýatlyk edýär.
Bu maslahatyň esasy maksady hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekden hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy hem göz öňünde tutulýar.
Halkara maslahatynyň Türkmenistan döwletimizde guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň “Awazada” öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem, dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň hyzmatdaşlygyny görkezýär.
Maksat JANMYRADOW.