merw.news – Täzelikler Portaly
weather mary 26° C Mary
weather mary 26° C Mary

20
20 15.06.2025
"Merw" "Ahal" bilen duşuşdy

Düýn Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda futbol ýaryşy mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda geçirildi. Onda “Merw” bilen “Ahal” topary duşuşdy. Köp sanly tomaşaçylary özünde jemlän sport meýdançadaky ýaryş çekeleşikli ýagdaýda bolup, onda her bir oýunçy özüniň erjelligini görkezdi. Netijede, oýun 2:1 hasabynda ýapyldy. “Ahal” topary “Merw” toparyndan üstün çykdy we ýeňiji bolmagy başardy. 

15
15 14.06.2025
Ýetginjekleriň arasynda futbol ýaryşy geçirildi

Düýn Mary şäherindäki “Merw” futbol meýdançasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş ýetginjekleriň arasynda bolup, onda “Merw-II” hem-de “Ahal-II” futbol toparlary duşuşdylar. Gyzgalaňly geçen ýaryşda iki toparyň oýunçylary hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda “Ahal-II” futbol topary “Merw-II-ni” 3:0 hasabynda utdy.

44
44 09.06.2025
Baýramçylyk şowhuny artdy

Şu gün ir säher bilen Mary şäheriniň Kemine, Gowşut han, Mollanepes köçeleriniň ugry bilen welosipedli ýöriş guraldy. Hatar gurap ýörişe gatnaşan welosipedli ildeşlerimiz bu ýerlerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara, ajaýyp tanslara, görkezme sport çykyşlarydyr maşklaryna ýolboýy syn etdiler. Şeýle täsirli çykyşlar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş baýdagyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy. Ýolboýy şäheriň ajaýyp binalarynyň öňünde guralan baýramçylyk konsertleri welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda şatlyk duýgusyny döretdi. Sport tanslarydyr aýdymlary bolsa, hemmelere ruhy lezzet paýlady. Welaýat  häkimliginiň, edara-kärhanalaryň  ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, talyplaryň, türgenleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda guralan welosipedli ýöriş hemmeler üçin, diýseň, täsirli boldy.  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlanan welosipedli ýöriş örän gyzykly geçdi. Ýörişiň tamamlanan ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar hemmeleriň kalbyny joşa getirdi.

289
289 24.05.2025
Türkmenistada 3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezident hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Taýýarlan: Abdyresul Hummiýew Wekilbazar etrap N1 sport mekdebiniñ grek-rim boýunça tälimçisi 

400
400 20.05.2025
Türkmenistanyň Kubogynyň birinji çärýekfinal duşuşyklarynyň eminleri bellenildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň birinji çärýekfinal duşuşyklarynyň eminlerini belli etdi.   Kubok bäsleşiginiň birinji çärýekfinal duşuşyklary: 20.05.2025 ý. (sişenbe)  “Arkadag” – “Nebitçi” Geçirilýän ýeri: “Arkadag” st. (Arkadag ş.) Başlanýan wagty: 19:00   Duşuşygyň emini: H.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)    “Şagadam” – “Merw” Geçirilen ýeri: “Şagadam” st. (Türkmenbaşy ş.) Başlanýan wagty: 17:30  Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.) Kömekçi eminler: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.), A.Weliýew (Änew ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)    21.05.2025 ý. (çarşenbe)  “Altyn Asyr” – “Aşgabat” Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” st. (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.) Başlanýan wagty: 17:45  Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.) Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)    “Ahal” – “Köpetdag” Geçirilen ýeri: “Nusaý” st. (Aşgabat ş.) Başlanýan wagty: 17:45  Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Arkadag ş.) Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), A.Isçanow (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

312
312 16.05.2025
Türkmenistanly türgen Aziýanyň çempionatynda altyn medalyň eýesi boldy

Türkmenistanly türgen Dawranbek Hasanbaýew Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Yklym birinjiliginde 102 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Dawranbek Hasanbaýew silterläp götermekde 182 kilogramy eýgerip, ähli garşydaşlaryndan ýokary netije görkezdi we kiçi altyn medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde 195 kilogram agyrlygy galdyrdy. Netijede iki görnüşiň jemi boýunça 377 kilogram görkeziji bilen uly bürünç medalyň eýesi boldy. Bu agram derejede birinji orny umumylykda 410 (180+230) kilogram netije görkezen hytaýly Liu Huanhua, ikinji orny bolsa jemi 386 (165+221) kilogram görkeziji bilen gazagystanly Artýom Antropow eýeledi. Ýeri gelende bellesek, Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty şu ýyl Hytaýda geçirilýär. 9-njy maýda başlanan ýaryş şu gün — 15-nji maýda tamamlanar. Taýýarlan: Arslan Hojonazarow 4-nji sport mekdebiniñ sambo boýunça tälimçisi 

312
312 14.05.2025
Köpetdag” ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawynyň ýeňijisi

Şu gün, 13-njy maýda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary bilen birinji aýlawyň jemleri jemlenildi. Ýurdumyzyň futzal ligasynyň 5-nji, 6-njy hem-de 7-nji tapgyrlarynyň Balkan welaýatynda geçirilýändigini bellemek gerek.  Tapgyryň birinji duşuşygynda “Ahal” “Migrasiýadan” 1:0 hasabynda üstün çykdy. Bu tapgyryň merkezi duşuşygy ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Senagatbank” hem-de “Köpetdag” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Köpetdag” garşydaşyndan 8:6 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Deňizçi” TNGIZT toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 12 utuk toplan “Köpetdag” topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlady. Ýaryş tertibinde ikinji orny “Senagatbank” (10 utuk) topary eýeleýär.  Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary 15-nji maýda geçiriler: “Ahal” – “Deňizçi”, TNGIZT – “Köpetdag”, “Senagatbank” – “Migrasiýa”.   Ýaryş tablisasy: T/b TOPARLAR O Ý D U T U 1.   “Köpetdag” 5 4 0 1 26-14 12 2.   “Senagatbank” 5 3 1 1 14-13 10 3.   “Ahal” 5 2 1 2 6-6 7 4.   “Migrasiýa” 5 2 1 2 10-8 7 5.   “Deňizçi” 5 1 1 3 5-10 4 6.   TNGIZT 5 1 0 4 10-20 3

298
298 14.05.2025
Futbol çempionatymyzyň wagty süýşürilen 14-nji tapgyrynyň çäginde iki duşuşyk geçirildi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň wagty süýşürilen 14-nji tapgyrynyň çäginde duşuşyklaryň ikisi geçirildi. Tapgyryň birinji duşuşygynda “Altyn Asyr” topary öz meýdanynda “Merwi” 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Ahal” “Aşgabatdan” 4:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 24 utuk toplan “Ahal” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 19 utugy bolan “Altyn Asyr” ikinji orunda ornaşdy.  14-nji tapgyryň jemleýji oýun gününde, 15-nji maýda duşuşyklaryň ikisi geçiriler: “Köpetdag” – “Şagadam”, “Arkadag” – “Nebitçi”.   Wagty süýşürilen 14-nji tapgyryň duşuşyklary:  “Altyn Asyr” – “Merw” – 2:0 Gollar: 24 Zafar Babajanow, 89 Süleýman Muhadow (“Altyn Asyr”) Duýduryşlar: 64 Ýazguly Hojageldiýew (baş tälimçi), 67 Söhbet Durdyýew (“Altyn Asyr”) Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” st. (Aşgabat ş. Büzmeýin etr. ) Duşuşygyň emini: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.) Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)    “Ahal” – “Aşgabat” – 4:0 Gollar: 40 Bagtyýar Gürgenow, 64 Meýlis Diniýew (11 m.j.u.), 70 Gurbanmyrat Esenow, 86 Magtymberdi Berenow (“Ahal”) Duýduryşlar: 57 Azat Rahmanow (“Ahal”) – 39 Orazaly Begnazarow (“Aşgabat”) Geçirilen ýeri: “Nusaý” st. (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: A.Weliýew (Änew ş.), A.Annamyradow (Balkanabat ş.) Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.) Duşuşygyň komissary: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

335
335 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

417
417 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

379
379 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

346
346 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

436
436 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

309
309 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

331
331 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.