Geçen ýekşenbede, güýz paslynyň ajaýyp güni welaýatymyzyň atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenip geçirildi.
Ruhuňy galkyndyryjy aýdym-sazyň owazy astynda bedew janköýerleri özlerini tolgundyran at çapyşyklaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Ilkinji at çapyşyk 1000 metr aralyga geçirilip, ikiýaşar saýlama bedewleriň bäşisi gatnaşdyryldy. Onda B.Orazowyň hojalygyna degişli Güller atly dor gysrak ýeňiji bolup, pellehana 1 minut 06,56 sekuntda gelmegi başardy. Tomaşaçylaryň hormatyny gazanan dor gysragy A.Annaýew seýisläp, B.Mämmedow ussatlyk bilen çapyksuwarlyk etdi.
Ikinji çapyşyga hem ikiýaşar bedewleriň bäşisi gatnaşdyryldy. 1000 metr aralyga geçirilen çapyşykda Mary döwlet athanasynyň Uçgun atly ak ýal mele aty ýeňiji boldy. K.Garýagdyýewiň seýislän, Ý.Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 12,90 sekuntda geçdi.
Üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşan üçünji çapyşyk 1400 metr aralykda geçirildi. D.Amandurdyýewiň öz seýislän hojalyk aty bolan Edepli atly dor at beýlekilerden saýlanyp, 1 minut 40,72 sekuntda pellehana birinji bolup geldi. Bu ata G.Ýazberdiýew ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.
Dördünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga geçirilip, oňa üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşdyryldy. Ş.Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 35,93 sekuntda gelip ýeňiş gazandy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary G.Ýazberdiýewdir.
Çekeleşikli geçen bäşinji çapyşyga dört we ulyýaşar atlaryň bäşisi gatnaşyp, olar 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu gezek R.Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at 1 minut 36,39 sekunt wagt bilen pellehana öň geldi. Ony Ş.Orazgeldiýew seýisläp, B.Mämmedow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.
Nobatdaky geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








