Döwrebap saglyk öýi açyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, raýatlarymyzyň saglygy goramak we şäherleriň, etraplaryň, obalaryň keşbini düýpli özgertmek barada amala aşyrýan özgertmeleriniň çäginde saglyk ulgamynda täze gurulýan ylmy kliniki merkezleriň we saglyk öýleriniň sany barha artýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda durky döwrebaplaşdyrylan, iki gatly Mary şäher 1-nji Saglyk öýüniň binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem welaýatyň ähli ilatynyň we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagy, birnäçesiniň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň tejribeli hünärmenler bilen üpjün edilmegi ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşalyp alynmagyna ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäginde durky döwrebaplaşdyrylan Mary şäher 1-nji Saglyk öýüniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Iki gatdan ybarat bu Saglyk öýüniň edara binasynyň gurluşygyny Mary welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasyna laýyklykda “Yhlasa ynam” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Binanyň açylyş dabarasyna welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, welaýatyň we şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Saglyk öýüniň açylyş dabarasy täze taryhy eýýamyň toý şatlykly dabaralary bilen dowam etdi. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, estrada aýdymçylarynyň, birleşen tans toparlarynyň, saglyk ulgamynyň işgärleriniň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdymlara, şowhunly çykyşlara we döwrebap tanslara uly orun berildi. Baýramçylyk çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny we lukmançylyk hyzmatlaryny kämilleşdirmekde amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işleri, saglyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, lukmanlaryň hünär baýramçylygy joşgunly wasp edildi. Soňra baýramçylyk dabarasynda çykyş eden adamlar dabara gatnaşanlary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlap, saglygy goraýyşda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri hem-de şeýle ajaýyp binany gurduryp berendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaraly pursatda Saglyk öýüniň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň gurluşygynda tapawutlanan hususy kärhananyň gurluşykçylaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ähli amatlyklary bolan Saglyk öýüniň işgärlerine Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren “Mersedess” kysymly göçme flýuro enjamly ýeňil awtoulagynyň açarynyň gowşurylmagy bolsa dabaranyň iň şatlykly pursatlarynyň biri bolady. Täze awtoulag halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerilip, üzärlik tütetmek, un sepmek, alaja daňmak däpleri bilen garşylandy. Soňra dabaraly çärä gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler we myhmanlar Saglyk öýüniň lukmançylyk hyzmatlary bilen tanyşdylar. Binanyň girelgesinde döwrümiziň saýrak dilli körpeleriniň çaga ýüreginden joşup ýerine ýetiren çykyşlary olarda uly täsir galdyrdy. Ýaşuly nesilleriň wekilleriniň ak halatly körpelere ýörite sowgat gowşurýan pursatlary has-da ýatda galyjy boldy. Binanyň fitobarynda tebigy otlardan taýýarlanan melhem çaýlar ýaşuly nesliň wekillerine hödür edildi. Soňra birinji saglyk öýüniň lukmanlary dabara gatnaşanlara binanyň döwrebaplaşdyrylan we ýokary hilli enjamlar oturdylan lukmançylyk otaglary, olaryň ilatyň saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti dogrysynda gürrüň berdiler. Häzirki zaman tilsimatly lukmançylyk enjamlary takyklygy bilen tapawutlanýan barlaglary gysga wagtda geçirmeklige mümkinçilik döredýär. Umumy tutýan meýdany dokuz müň inedördül metre barabar bolan bu bina iki gatdan ybarat bolup, onuň birinji gatynda hasaba alyş, terapewt, newropotolog, endokrinolog, stomatolog, otolarindolog, akuşer – ginekolog, pulmanolog, hirurg, owtomatolog ýaly lukmanlaryň otaglary, çaganyň irki ösüşi we irki dikeldiş otagy şeýle-de şöhle bilen anyklaýyş we barlaghana bölümleri hem-de dermanhana ýerleşýär. Saglyk öýüniň ikinji gaty maşgala lukmanlary üçin niýetlenendir. Bu ýerde mejlisler otagy hem bar. Saglyk öýüniň ähli otaglary we bölümleri tutuşlygyna Ýewropa döwletleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň dünýä belli kompaniýalarynyň ösen innowasion tehnologiýaly, ýokary tilsimatly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Otaglardaky we bölümlerdäki enjamlar döwrebap barlag we bejeriş işlerini geçirmäge we talabalaýyk alyp barmaga, keselleriň öz wagtynda öňüni almaga uly mümkinçilikler döredýär. Saglyk öýünde gatnawly bejergi almak isleýän näsaglaryň kesellerini döwrebap enjamlaryň kömegi arkaly bejermek üçin hem ähli amatly şertler döredilipdir. Ýurdumyzda kabul edilen milli we döwlet maksatnamasynyň çäginde durky döwrebaplaşdyrylan saglyk öýüniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, daş töwereginde awtoduralga, elektrik we ýyladyş ulgamlary gurlupdyr. Onuň binagärlik keşbi agşamlaryna hem gözel görke beslenip, dürli öwüşginli yşyklary çarýana ýalkym saçyp, şäher gözelligi bilen sazlaşyp, agşamlaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu işler milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär. Saglyk öýüniň hyzmatlar ulgamy bilen tanyşan welaýatyň bagtyýar raýatlary ilatynyň saglygyny berkitmekde, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra döwrebaplaşdyrylan Saglyk öýüniň ulanylmaga berilmegi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli toý sadakasy berildi. Onda okalan töwirde il agzybirligi, ýurt parahatçylygy arzuwlanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il, ýurt ähmiýetli döwletli işleriniň rowaçlyga beslenmegi dileg edildi.
Çarymuhammet Saparow.