Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilmegi şu toý dabaralara beslenen günlerde Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Her bir güni şanly dabaralara, toý baýramlara beslenýän ýylymyzda geçirlen bu hoşallyk maslahaty “Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler ýolunda” – diýlip atlandyryldy. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu hoşallyk maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, ussat atşynaslar hem-de bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz nurana geljege, ýagty ertirlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejeleri yzygiderli ýokarlanyp, jemgyýetçilik syýasy durmuşymyzda täze sahypalar açylýar. Ata – Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär – diýlip buýsançly sözler beýan edildi. Şu şanly taryhy döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde kabul edilen il – ýurt bähbitli çözgütler, giň gerimde bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň dabaralary, toý baýramly günlerde Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy bu şanly ýylymyzy täze many – mazmun bilen baýlaşdyryp, halkymyzyň buýsançly başlaryny hasam belende göterdi – diýlip, hoşallyk maslahatyndaky çykyşlarda nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi keremli toprakda kemala gelen, owadanlygy, ýyndamlygy bilen ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan döwlet bähbitli işleriniň aýdyň nyşany boldy. Bu dabara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy, bu ýerde ussat halypa çapyksuwarlaryň arasynda toý ýaryşynyň geçirilmegi hem diýseň täsirli bolup, halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz täze toplumda halypa hem ussat çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşda öz agtygy Kerimgulynyň seýislän “Daghan” atly atyna atlanyp, ýaryşa goşulmagy özüniň at çapmakda ýokary ussatlygy görkezip, pellehana ilkinji bolup gelmegi hem-de baş baýraga mynasyp bolmagy bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy – diýlip hoşallyk maslahatynda aýratyn nygtalyp geçildi. Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, olaryň şan – şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Täze taryhy döwürde ady rowaýata öwrülen behişti bedewleriň arasynda halkara atly sport we gözellik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, maslahatlaryň geçirilmegi, ýurdumyzyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary döwletlerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy – ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi-de munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Behişti bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen seýisleri müňýyllyklaryň dowamynda gözellikde deňi – taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir we söýgi bilen ösdürip ýetişdiripdirler hem-de kemala getiripdirler – diýlip hoşallyk maslahatynda buýsançly sözleri beýan edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürmekde, baş sanyny artdyrmakda, olaryň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Hoşallyk maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň zehinli ýaşlarynyň aýdym – sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym – sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il – ýurt bähbitli rowaç işleri, ahalteke bedewlerimize goýýan belent hormat sarpalary, behişti bedewlerimiziň gözelligi, atşynaslaryň çekýän päk zähmetleri joşgunly wasp edildi. Hoşallyk maslahatynda welaýatyň ähli ilatynyň we maslahata gatnaşanlaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýüzlenme kabul edildi. Soňra welaýatyň gözel künjegindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk toýunyň giň gerimde bellenilmegi hem-de Köpetdagyň gözel künjeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Toý – sadakasynda okalan töwirde il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, amala aşyrýan döwletli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.
Çarymuhammet Saparow.








