,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda egsilmejek şatlyk – şowhuna beslendi. Mary atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygyň nobatdaky tapgyrynda çapyşyklaryň bäşisi geçirilip, oňa Mary döwlet athanasynyň şeýle-de hojalyklarda, hususy kärhanalarda ösdürilip ýetişdirilen uçar ganatly bedewler gatnaşdylar. At çapyşygynyň her bir tapgyry bedew janköýerleriniň şatlyk şowhuny bilen garşylanyldy. Ikiýaşar atlaryň arasynda bir müň metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli, Garýagdyýewiň seýislän Tarlaň atly dor aty Sähedowyň çapyksuwarlyk etmeginde bu aralygy 1 minut 08,22 sekuntda geçmegi başardy. Täsirli geçen ikinji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli, Garýagdyýewiň seýislän, Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden Uçgyn atly ak ýal mele aty bellenen aralygy 1 minut 13,30 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Bir müň dört ýüz metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyk hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Üçýaşar ýaşar atlaryň arasynda geçirlen bu çapyşykda Amandurdyýewiň seýislän, Habibowyň hojalygyna degişli, Maýa atly dor gysrak aty Amannazarowyň çapyksuwarlyk etmeginde 1 minut 41,18 sekunt wagt görkezip, pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. At çapyşygyň dördünji tapgyrynda Şamyradowyň hojalygyna degişli, Amandurdyýewiň seýislän we Ýazberdiýewiň çapyksuwarlyk eden Garajaoglan atly gara aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Bu bedewiň görkezen wagty 1 minut 50,48 sekunda deň boldy. At çapyşygyň bäşinji tapgyry has hem gyzykly boldy. Bu çapyşykda Ýazberdiýewiň seýislän we Ýazberdiýewiň çapyksuwarlyk eden, Kemalowyň hojalygyna degişli Daragyt atly dor aty 1800 metr aralygy 2 minut 09,82 sekunt wagtda geçip, ýeňiji bolmagy başardy. At çapyşygynyň güýzki möwsüminiň nobatdaky çapyşygynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna sowgatlar gowşuryldy. Bu gezekki at çapyşygyna tomaşa eden welaýatyň bagtyýar raýatlary uçar ganatly bedewlerimiziň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet Saparow.








