Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Mary welaýatynyň Atçylyk sport toplumynda hem halkymyzyň milli guwanjyna hem buýsanjyna öwrülen ahal – teke bedewleriniň at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň açylyş dabarasy geçirilip, ol türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlerimize goýýan aýratyn hormat – sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň güýzki at çapyşygy möwsüminiň açylyş dabarasyna gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri bu ýere toý ýörüşi bilen geldiler. Atçylyk toplumynyň öňündäki bezelen giň meýdançada Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda aýdym – sazly dabara geçirilip, ol egsilmejek joşguna beslendi. Toplumyň daş – töweregini gurşap alan baýramçylyk dabarasynda welaýatyň birleşen bagşy – sazandalar toparynyň belent perdelerde halk aýdymlary we dessanlary ýerine ýetirmekleri hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Bu ýerde teatr artistleriniň bedew atlarymyzyň dünýä dolan şöhratyny taryplaýan edebi-sazly komposiziýasyny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda welaýatyň belli estrada aýdymçylarynyň şowhuna beslenen çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmekde, ahal – teke bedewleriniň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda edýän bimöçber aladalarynyň, eşretli zamanamyzyň we gözellikde deňi – taýy bolmadyk ajaýyp bedewlerimiziň waspy giňden ýetirildi. Döwrebap tans toparlarynyň ýerine ýetiren şowhunly tanslary bolsa dabara gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän muzeý gymmatlyklarynyň, ene – mamalarymyzdan miras galan nepisden – nepis el işleriniň, elleri hünärli ussalar tarapyndan öndürilen önümleriň, döwrebap şaý – sepleriň nusgalyk görnüşleriniň, milli senetçiligiň, ýaş suratkeşleriniň türkmen bedewlerine bagyşlap döreden surat eserleriniň we döwrebap neşir önümleriniň giň sergisi dabara özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Aýdym-sazly dabara tamamlanandan soňra Atçylyk sport toplumynda güýzki möwsümiň ilkinji at çapyşygy başlandy. Egsilmez şatlyk – şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenen bu günki ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynda Mary döwlet athanasynyň, welaýatyň edara – kärhanalarynyň şeýle hem hususy hojalyklaryň iň saýlama atlarynyň otuza golaýy çapuwa goýberildi. Ýaryşa gatnaşan atlar 1000,1400,1800,1800,1800 aralyklara özara güýç synanyşdylar. Jemi 5 çapyşykdan ybarat bolan çapuwlaryň ählisinde aýlawlary baglan türkmen ahalteke atlarynyň bu ýerde görkezen her bir çalasyn hereketleri at çapyşygyna tomaşa edýän bedew janköýerleriniň ünsüni has-da özüne çekdi. Güýzki möwsüminiň at çapyşygynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen birinji at çapyşygy bedew janköýerleriň toý şowhuny bilen garşylandy. Bu ýaryşa gatnaşan bedewleriň altysy iki ýaşar atlar bolup olar bir müň metr aralykda bäsleşdiler. Şeýlelikde Mary döwlet athanasyna degişli bolup “Tarlaň” atly bedew bellenilen aralygy 1minut 11 sekuntda geçip ýeňiji bolmagy başardy onuň seýisi Garýagdyýew, çapyksuwary Sähedow. Şeýlelik-de pellehanadan ikinji bolup gelmegi başaran “Döwletli” atly dor at bellenilen aralygy 1minut 12.00 sekuntda geçdi we ikinji orna mynasyp boldy. Ol Orazmyradowlaryň maşgalasyna degişli bolup, seýisi Orazmyradow, çapyksuwary Geldiýew. Pellehana üçünji bolup gelen “Güller”atly dor gysyrak at bu bellenilen aralygy 1minut 12.25.sekuntda geçmegi başardy we üçünji orna mynasyp boldy. Bu at Orazowyň hojalygyna degişli bolup seýisi Annaýew çapyksuwary Rejepow. Görşüňiz ýaly, birinji çapyşyk örän gyzgalaňly geçdi. Ikinji çapyşykda hem üç ýaşar atlaryň altysy 1400 metr aralykda bäsleşdiler.Şeýlelik-de Habibowyň maşgalasyna degişli bolan “Maýa” atly bedew bellenilen aralygy 1minut 41.50. sekuntda geçmegi başardy we pellehana birinji bolup gelmegi başardy.Onuň yzýanyny alyp “Edepli” dor at eýesi seýisi Amandurdyýew çapyksuwary Guwanjow bolyp pellehana ikinji bolup gelmegi başardy. Ondan soňra bolsa bellenilen aragy üçinji bolup gelen bedew “Keýmir” 1minut 42.57.sekunta geçmegi başardy.Görişimiz ýaly ýaryş öran gyzgalaňly gidip dur ini bolsa üçinji çapyşyk dowam edýär üçünji çapyşyk Üçýaşar atlary gatnaşyp olar 1800 metr aralykda ýaryşýarlar. Üçünji çapyşykda birinji bolup pellehana gelmegi başaran “Garajaoglan” gara at bolup onuň eýesi Şamyradow seýisi Amandurdyýew çapyksuwary Ýazberdiýew. “Garajaoglanyň” yzyny alyp gelen pellehana ikinji bolup gelmegi başaran at “Düşümli” 2 minut 04,83 sekuntda gelli onuň eýesi, seýisi Orazmyradyň hojalygyna degişli çapyksuwary Amannazarow. Pellehana üçinji bolup “Garagyz” gara gysyrak atly at 2 minut 05.93.sekunta bellenilen aragy geçmegi başardy.Onuň eýesi Ilamanow seýisi Orazgeldiýew çapyksuwary Gurbanow. Çapyşygy tapgyry hem örän çekeleşikli geçdi. Bäsleşigiň dördünji tapgyry “Dört we uly ýaşlar üçin” 1800 metr aralygynda badalga berip dowam eder. Şeýlelikde pellehana “Ýanatar” dor at atly bedew 2.minut.09.31.sekunta geçmegi başaryp pellehana birinji bolup gelmegi başardy.Ol Mary welaýat Baýramaly şäher häkimligine degişli bolup seýisi Garýagdyýew çapyksuwary Amannazarow. Görşüňiz ýaly, örän gyzykly geçen bu çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli bolan “Ýeňiş” atly dor at bellenilen aralygy 2 minut 16.29.sekuntda geçip ikini nji orna mynasyp boldy.Seýisi Garýagdyýew Çapyksuwary Handurdyýew. Üçünji bolup pellehana gelen “Peýdaly”gyr at atly bedew bellenilen aragy 2 minut 09.31.sekunta geçmegi başardy ol Mary döwlet athanasyna degişli bolyp seýisi Garýagdyýew çapyksuwary Sähedow. Milli atçylyk sport bäsleşiginiň bäşinji tapgyry “Dört we uly ýaşar atlar” üçin bolup pellehana birinji olup “Toýçy”mele at 2 minut 03.21.sekunt aralykda geçmegi başardy ol at “Deňizçi hazynasy” hojalyk jemgyýetine degişli bolyp seýisi Orazgeldiýew çapyksuwary Gurbanow. “Toýçy” mele atyň yzyny alyp pellehana ikinji bolup “Daragyt” dor atly aty gelmegi başardy ol bellenilen aragy 2 minut 04.05.sekuntda geçmegi başardy.Eýesi Kemalow seýisi Ýazberdiýew çapyksuwary Ýazberdiýew. Örän gyzgalaňly dowam edýän bäsleşige üçünji orna mynasyp bolup pellehana gelen “Aýsoltan” dor gysyrak atly at bellenilen aragy 2 minut 08.74 sekunta geçmegi başardy eýesi Orazow seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Potraýew çapyksuwary Annaçaryýew. Ýaryşda üstün çykan bedewlere nepis dokalan ýüpek halylar ýapylyp, çapyksuwarlara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Merjen Çaryýarowa, Ülker Orazgeldiýewa.








