KÄKILIK (Aýdym)
weather mary 19° C Mary
weather mary 19° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

KÄKILIK (Aýdym)

14 17.09.2026

Arzuw eýläp çyksaň belent daglara,

Sabry-kararyňy alar käkilik.

Mesgen tutup ýatsaň bulak başynda,

Saýraý-saýraý suwa geler käkilik.

Mergen aýdar: “Bu guş serdar guş bolar”,

Ony görenleriň göwni hoş bolar,

Uçsa, gonjak ýeri gaýa-daş bolar,

Kah-kah edip göýä güler käkilik.

Sahy eken dostlar, dag tebigaty,

Bagş edipdir oňa ajap zynaty,

Kuwwaty-daýanjy goşa ganaty,

Parlaýyp asmana galar käkilik.

Silkinjiräp kümüş perin daranda,

Aýak çekmez ýorgalanda, ýörände,

Höwründen azaşyp zaryn saýranda,

Söýgüliňi ýada salar käkilik.

Geldi BÄŞIÝEW.

11
11 27.09.2026
Uludan bellenen mukaddes baýramçylyk

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň, welaýatyň Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň,bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybeli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli gornüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary, tanslary, edebi sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletiiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Çarymuhammet Saparow

8
8 24.09.2026
Şatlyk-şowhuna beslendi

Mary etrap häkimliginiň,etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirilen dabara-da täsirli boldy.”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirlen dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdylyp ,aýdym-sazyň hoş owazy alyslara ýaň saldy.Täze taryhy eýýamda joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlarda Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaň salýan beýik maksatly işleri,garaşsyzlygyň halkymyza eçilen bagty,gülleýän,gül açýan eziz Diýarymyz belent heňlerde wasp edildi.Baýramçylyk dabarasynda her bir ýaňlanan aýdym-sazlar oňa gatnaşan bagtyýar raýatlaryň göwünlerini joşduryp,olaryň ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine bolan buýasançlaryny has-da artdyrdy. Çarymuhammet Saparow

11
11 23.09.2026
Baýramçylyga bagyşlanyldy

       Garagum etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetleriniň gurnamagynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsylygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabara geçirildi.”Berkarar döwletim baky bagtyýar,gülleýär,gül açýar Garaşsyz diýar” - diýen at bilen geçirlen dabara aýdym-sazyň hoş owazyna beslendi.Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabarada Garagum etrabynyň medeniýet bölüminiň aýdym-saz we tans topary çykyş etdiler. Şatlyk-şowhuna beslenen aýdym-sazly çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli rowaç işleri,garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler we gazanylýan üstünlikler,garaşsyzlygyň halkymyza beren ajaýyp bagty hem-de garaşsyzlyk baýramy joşgunly wasp  edildi.   Çarymuhammet Saparow.

7
7 22.09.2026
Atlar ýyndamlygyny görkezdiler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Mary welaýatynyň Atçylyk sport toplumynda hem halkymyzyň milli guwanjyna hem buýsanjyna öwrülen ahal – teke bedewleriniň at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň açylyş dabarasy geçirilip, ol türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýelden ýüwrük, gamyşgulak bedewlerimize goýýan aýratyn hormat – sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň güýzki at çapyşygy möwsüminiň açylyş dabarasyna gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri bu ýere toý ýörüşi bilen geldiler. Atçylyk toplumynyň öňündäki bezelen giň meýdançada Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda aýdym – sazly dabara geçirilip, ol egsilmejek joşguna beslendi. Toplumyň daş – töweregini gurşap alan baýramçylyk dabarasynda welaýatyň birleşen bagşy – sazandalar toparynyň belent perdelerde halk aýdymlary we dessanlary ýerine ýetirmekleri hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Bu ýerde teatr artistleriniň bedew atlarymyzyň dünýä dolan şöhratyny taryplaýan edebi-sazly komposiziýasyny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda welaýatyň belli estrada aýdymçylarynyň şowhuna beslenen çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmekde, ahal – teke bedewleriniň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda edýän bimöçber aladalarynyň, eşretli zamanamyzyň we gözellikde deňi – taýy bolmadyk ajaýyp bedewlerimiziň waspy giňden ýetirildi. Döwrebap tans toparlarynyň ýerine ýetiren şowhunly tanslary bolsa dabara gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän muzeý gymmatlyklarynyň, ene – mamalarymyzdan miras galan nepisden – nepis el işleriniň, elleri hünärli ussalar tarapyndan öndürilen önümleriň, döwrebap şaý – sepleriň nusgalyk görnüşleriniň, milli senetçiligiň, ýaş suratkeşleriniň türkmen bedewlerine bagyşlap döreden surat eserleriniň we döwrebap neşir önümleriniň giň sergisi dabara özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Aýdym-sazly dabara tamamlanandan soňra Atçylyk sport toplumynda güýzki möwsümiň ilkinji at çapyşygy başlandy. Egsilmez şatlyk – şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenen bu günki ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynda Mary döwlet athanasynyň, welaýatyň edara – kärhanalarynyň şeýle hem hususy hojalyklaryň iň saýlama atlarynyň otuza golaýy çapuwa goýberildi. Ýaryşa gatnaşan atlar 1000,1400,1800,1800,1800 aralyklara özara güýç synanyşdylar. Jemi 5 çapyşykdan ybarat bolan çapuwlaryň ählisinde aýlawlary baglan türkmen ahalteke atlarynyň bu ýerde görkezen her bir çalasyn hereketleri at çapyşygyna tomaşa edýän bedew janköýerleriniň ünsüni has-da özüne çekdi. Güýzki möwsüminiň at çapyşygynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen birinji at çapyşygy bedew janköýerleriň toý şowhuny bilen garşylandy. Bu ýaryşa gatnaşan bedewleriň altysy iki ýaşar atlar bolup olar bir müň metr aralykda bäsleşdiler. Şeýlelikde Mary döwlet athanasyna degişli bolup “Tarlaň” atly bedew bellenilen aralygy 1minut 11 sekuntda geçip ýeňiji bolmagy başardy onuň seýisi Garýagdyýew, çapyksuwary Sähedow. Şeýlelik-de pellehanadan ikinji bolup gelmegi başaran “Döwletli” atly dor at bellenilen aralygy 1minut 12.00 sekuntda geçdi we ikinji orna mynasyp boldy. Ol Orazmyradowlaryň maşgalasyna degişli bolup, seýisi Orazmyradow, çapyksuwary Geldiýew. Pellehana üçünji bolup gelen “Güller”atly dor gysyrak at bu bellenilen aralygy 1minut 12.25.sekuntda geçmegi başardy we üçünji orna mynasyp boldy. Bu at Orazowyň hojalygyna degişli bolup seýisi Annaýew çapyksuwary Rejepow. Görşüňiz ýaly, birinji çapyşyk örän gyzgalaňly geçdi. Ikinji çapyşykda hem üç ýaşar atlaryň altysy 1400 metr aralykda bäsleşdiler.Şeýlelik-de Habibowyň maşgalasyna degişli bolan “Maýa” atly bedew bellenilen aralygy 1minut 41.50. sekuntda geçmegi başardy we pellehana birinji bolup gelmegi başardy.Onuň yzýanyny alyp “Edepli” dor at eýesi seýisi Amandurdyýew çapyksuwary Guwanjow bolyp pellehana ikinji bolup gelmegi başardy. Ondan soňra bolsa bellenilen aragy üçinji bolup gelen bedew “Keýmir” 1minut 42.57.sekunta geçmegi başardy.Görişimiz ýaly ýaryş öran gyzgalaňly gidip dur ini bolsa üçinji çapyşyk dowam edýär üçünji çapyşyk Üçýaşar atlary gatnaşyp olar 1800 metr aralykda ýaryşýarlar. Üçünji çapyşykda birinji bolup pellehana gelmegi başaran “Garajaoglan” gara at bolup onuň eýesi Şamyradow seýisi Amandurdyýew çapyksuwary Ýazberdiýew. “Garajaoglanyň” yzyny alyp gelen pellehana ikinji bolup gelmegi başaran at “Düşümli” 2 minut 04,83 sekuntda gelli onuň eýesi, seýisi Orazmyradyň hojalygyna degişli çapyksuwary Amannazarow. Pellehana üçinji bolup “Garagyz” gara gysyrak atly at 2 minut 05.93.sekunta bellenilen aragy geçmegi başardy.Onuň eýesi Ilamanow seýisi Orazgeldiýew çapyksuwary Gurbanow. Çapyşygy tapgyry hem örän çekeleşikli geçdi. Bäsleşigiň dördünji tapgyry “Dört we uly ýaşlar üçin” 1800 metr aralygynda badalga berip dowam eder. Şeýlelikde pellehana “Ýanatar” dor at atly bedew 2.minut.09.31.sekunta geçmegi başaryp pellehana birinji bolup gelmegi başardy.Ol Mary welaýat Baýramaly şäher häkimligine degişli bolup seýisi Garýagdyýew çapyksuwary Amannazarow. Görşüňiz ýaly, örän gyzykly geçen bu çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli bolan “Ýeňiş” atly dor at bellenilen aralygy 2 minut 16.29.sekuntda geçip ikini nji orna mynasyp boldy.Seýisi Garýagdyýew Çapyksuwary Handurdyýew. Üçünji bolup pellehana gelen “Peýdaly”gyr at atly bedew bellenilen aragy 2 minut 09.31.sekunta geçmegi başardy ol Mary döwlet athanasyna degişli bolyp seýisi Garýagdyýew çapyksuwary Sähedow. Milli atçylyk sport bäsleşiginiň bäşinji tapgyry “Dört we uly ýaşar atlar” üçin bolup pellehana birinji olup “Toýçy”mele at 2 minut 03.21.sekunt aralykda geçmegi başardy ol at “Deňizçi hazynasy” hojalyk jemgyýetine degişli bolyp seýisi Orazgeldiýew çapyksuwary Gurbanow. “Toýçy” mele atyň yzyny alyp pellehana ikinji bolup “Daragyt” dor atly aty gelmegi başardy ol bellenilen aragy 2 minut 04.05.sekuntda geçmegi başardy.Eýesi Kemalow seýisi Ýazberdiýew çapyksuwary Ýazberdiýew. Örän gyzgalaňly dowam edýän bäsleşige üçünji orna mynasyp bolup pellehana gelen “Aýsoltan” dor gysyrak atly at bellenilen aragy 2 minut 08.74 sekunta geçmegi başardy eýesi Orazow seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Potraýew çapyksuwary Annaçaryýew. Ýaryşda üstün çykan bedewlere nepis dokalan ýüpek halylar ýapylyp, çapyksuwarlara bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Merjen Çaryýarowa, Ülker Orazgeldiýewa.

9
9 21.09.2026
Aýdym-sazly dabaranyň şowhuny

Ýakynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde TAP-nyň welaýat komitetiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabarada oňa gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler. Şeýle-de, dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna giň orun berildi. Ata Watanymyzyň waspy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikler dabarada ýaňlanan aýdymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýaňlanan şirin owazlar gatnaşyjylaryň ruhuny galkyndyrdy. Sülgün ŞADYÝEWA.

11
11 20.09.2026
BEREKET EÇILÝÄR TÜRKMEN TOPRAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bedew bady bilen has-da beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan tutumly işlere welaýatymyzyň agzybir, zähmetsöýer adamlary hem buýsanýarlar. Şeýle-de, olar ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu günki gün daýhanlara mukaddes toprakdan ýokary hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň edermen daýhanlarymyz döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikli şertlerden peýdalanyp, berekede beslenýän ekin meýdanlarymyzda yhlasly zähmet çekýärler. Her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök önümleriň bereketli hasyly ýetişdirilip, Watan harmanyna tabşyrylýar. Döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, ýylyň bütin paslynda ak bazarlarymyz, söwda nokatlary ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen üpjün edilýär. Ösüşli döwri başdan geçirýän ata Watanymyzda oba hojalyk pudagyna ylmyň soňky gazananlarynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy bu ulgamyň işiniň has-da öňe ilerlemegine şert döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda hem welaýatymyzyň edermen zähmetkeşleri yhlaslylygyň, başarjaňlygyň nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigini gallaçy daýhanlarymyzyň şu ýylyň orak möwsüminde Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaýy tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeginde hem görmek bolýar. Şeýle-de, pagtaçy kärendeçiler “ak altynyň” bereketli hasylyny kemala getirmek bilen, şu günlerde ony çalt we zaýasyz ýygnamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Munuň özi olaryň öňlerinde goýan maksatlaryna abraý bilen ýetjekdiklerinden habar berýär. Şeýle hem, welaýatymyzyň gök ekerançylary yhlasly zähmet çekip, gök önümleriň, bakja ekinleriniň dürli görnüşiniň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmegi barada öňde goýýan wezipelerini olaryň üstünlikli ýerine ýetirýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Welaýatymyzyň daýhanlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemäge çalyşýarlar. Üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzda öndürijilikli zähmet çekýän daýhanlarymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, işlemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar. Durdynabat BAÝRAMOWA.

10
10 19.09.2026
ÄTIÝAÇLANDYRYŞYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ätiýaçlandyryş işiniň mundan beýläk hem özgerdilmegine, giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, üstünlikli amala aşyrylmagyna, täzeçil çemeleşilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda we onuň ýerlerdäki guramalarynda döredilýän täzelikleriň işe ornaşdyrylmagy raýatlaryň ätiýaçlandyryşa bolan isleglerini gün-günden artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasat özüniň düýp mazmunynda ilatyň abadançylygyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň her bir raýaty üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ätiýaçlandyryş işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyrylýanlaryň isleglerinden we halkara ölçeglerden ugur alyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy öz işini barha kämilleşdirýär. Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklar, ulgamlar boýunça durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Goý, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ogulgerek ESENOWA.

26
26 18.09.2026
IŞLER TÄZEÇE GURALÝAR

IŞLER TÄZEÇE GURALÝAR Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamyny ösdürmekdir. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ylym-bilim bermekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şol wezipeleri durmuşa geçirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki taryhy ýylyň 1-nji sentýabrynda, ýagny, Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze okuw ýylyna üstünlikli girişildi. Bu ajaýyp senede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaňlanan ilkinji jaňyň sesi kalplara buýsanç duýgusyny çaýdy. Täze okuw ýylynda bagtyýar ýaşlara hem-de bilim işgärlerine şowlulyk we üstünlik arzuw edýäris. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna uly üns berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatyndan ugur alyp, orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary ýaşlara bilim-terbiýe bermekde işi täzeçe guramaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar. Her bir geçilýän sapagyň täsirli bolmagyny gazanýarlar. Bu bolsa bagtyýar ýaşlaryň döwrebap, kämil ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine uly ýardam berýär. Ýaş nesliň aýdyň geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Ogulsadap MYRATLYÝEWA.

13
13 17.09.2026
KÄKILIK (Aýdym)

Arzuw eýläp çyksaň belent daglara, Sabry-kararyňy alar käkilik. Mesgen tutup ýatsaň bulak başynda, Saýraý-saýraý suwa geler käkilik. Mergen aýdar: “Bu guş serdar guş bolar”, Ony görenleriň göwni hoş bolar, Uçsa, gonjak ýeri gaýa-daş bolar, Kah-kah edip göýä güler käkilik. Sahy eken dostlar, dag tebigaty, Bagş edipdir oňa ajap zynaty, Kuwwaty-daýanjy goşa ganaty, Parlaýyp asmana galar käkilik. Silkinjiräp kümüş perin daranda, Aýak çekmez ýorgalanda, ýörände, Höwründen azaşyp zaryn saýranda, Söýgüliňi ýada salar käkilik. Geldi BÄŞIÝEW.

11
11 27.09.2026
Uludan bellenen mukaddes baýramçylyk

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygy Mary welaýatynda-da mynasyp belent toý tutumlary bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk dabaralary welaýatyň ähli etrap, şäher merkezlerinde, obalarynda toý şatlygy bilen utgaşyp, şowhunly çärelere giň gerim berildi. Baýramçylyk gününde welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynyň töweregi ir säherden hasam köp adamly boldy. Mary welaýat, Mary şäher häkimlikleriniň, Demokratik, Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň, welaýatyň Bilim, Saglygy goraýyş we Medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu baýramçylyk dabarasy egsilmejek toý şatlyklaryna beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň dabarasy baş Baýdak meýdançasynda döwlet Senamyzyň ýerine ýetirilmeginde, mukaddes döwlet Baýdagymyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň, welaýatyň ýaşuly nesliniň, kümüş saçly mährem eneleriň, welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatyň bagtyýar raýatlarynyň,bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabarada baýramçylyk mynasybeli gutlag sözleri aýdyldy. Bu ýerdäki baýramçylyk çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik başlangyçlary barada buýsançly sözler beýan edildi. Baýramçylyk dabarasynda parahatçylygyň we asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň we dürli gornüşli şarlaryň asmana uçurylmagy toý şatlygyny hasam artdyrdy. Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdymdyr sazlary, tanslary, edebi sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan aýdym – sazlaryň owazy uzaklara ýaň saldy. Ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň il-halk, umumyadamzat bähbitli rowaç işleriniň hem-de uly toý – dabaralara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň waspy belentden ýetirildi. Baýramçylyk öwüşgininde bezelen baş Baýdak meýdançasynda şirinden – şirin mukamlaryň ýaňlanmagynda ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar, joşgunly tanslar bu ýere ýygnanan bagtyýar raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, göwün guşuny ganatlandyrdy. Döwletiiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzy batly gadamlaryň ösüşli ýollary bilen öňe alyp barýan we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Çarymuhammet Saparow

31
31 14.09.2026
Ak ýollar — bagtly geljegimiz

Golaýda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanylyp, “Ak ýollar — bagtly geljegimiz” ady bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň polisiýa we bilim bölümleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda atlary agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim ulgamynyň, polisiýa bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap bilim bölüminiň hünärmeni Çarynazar Ataýew, etrapdaky 8-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Baýmyrat Agaýew, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi, polisiýanyň maýory Kuwwat Allamyradow, polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň uly seržanty Muhammet Hanow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Akjemal Rejebowa çykyş etdiler. Çykyşlarda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi, köçe-ýollarymyzyň asuda bolmagyny gazanmak, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Şeker KAKAJANOWA.

33
33 12.09.2026
Maşgala mäkämligi - bagtyýarlygyň gözbaşy

Etrap prokuraturasy etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Bu çäre maşgala mäkämligini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine bagyşlanyldy. Oňa atlary agzalan guramalaryň, edaralaryň, etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Andreý Öwezdurdyýew, etrap häkiminiň orunbasary Bahar Hojamgulyýewa, şu häkimligiň bölüm müdiri Didar Amanow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda jemgyýetimiziň özenini maşgalalaryň düzýändigini, her bir maşgalanyň agzybirliginiň tutuş jemgyýetimiziň mäkämligini, jebisligini kepillendirýändigi barada anyk mysallar arkaly gürrüň etdiler. Agzybir maşgalanyň bagtly durmuşyň gözbaşy bolup, şeýle abadan durmuşyň ikitaraplaýyn özara ylalaşykly, birek-birege geçirimli ýaşaýşyň derwaýysdygy dogrusynda durup geçdiler. Kakageldi MELÄÝEW.

31
31 12.09.2026
Möhüm meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde giň möçberli işleriň bady artýar. Şu maksatnamanyň çäklerinde halkyň saglygyny goramakda uly işler bitirilýär. Etrap prokuraturasynyň etrap hassahanasy bilen şu hassahananyň mejlisler zalynda guran wagyz-nesihat çäresem ýokarda ýatlanan meselä bagyşlanyldy. Oňa atlary agzalan edaralaryň, etrabyň saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Polat Çörliýew, etrap hassahanasynyň baş lukmany Nury Hommakow, baş lukmanyň orunbasary Kerim Geldiýew çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler, şu ulgamyň kanunçylygynyň berjaý edilmegine bildirilýän talaplar barada gürrüň etdiler. Zähmet düzgün-tertibiniň berk berjaý edilip, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünde durup geçdiler. Durdymyrat KERIMOW.

34
34 11.09.2026
Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Ýakynda şeýle at bilen institutymyzyň mejlisler zalynda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanylyp döredijilik duşuşygy geçirildi. TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de TDEI-niň bilelikde guramagynda geçirilen bu duşuşyga aýdym-saz sungatynyň ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyny institutymyzyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow alyp bardy. Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanylan döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýusup Garýagdyýew, şahyr zenanlar — Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnäzik Esenowa we «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy Bahargül Mejidowa baýramçylyk gutlaglary bilen buýsançly çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynyň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem ussat halypalaryň ýerine ýetiren şirin aýdymlary, şahyr zenanlaryň okan joşgunly şygyrlary duşuşyga gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda institutymyzyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyplarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edip aýdan alkyşnama aýdymy şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy. Azat ATAMYRADOW.

30
30 11.09.2026
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna we Halk maslahatynyň mejlisine bagyşlandy

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynsasybetli Murgap etrabynyň döwrebap medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi.Murgap etrap häkimliginiň,demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň,zenanla,bilim we medeniýet bölümleriniň,kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň,ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirlen baýramçylyk dabarasy ýokary ruhybelentlige beslendi.”Türkmenistan beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen” diýen at bilen geçirlen bu dabarada aýdym-sazly çykyşlara uly orun berildi.Türkmenistanyň Garaşsylygynyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde geçirlen baýramçylyk dabarasy täsirli çykyşlar bilen uly many-mazmuna eýe boldy.Dabaradaky medeniýet işgärleriň çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan dünýä nusgalyk döwletli işleriniň,halkymyzyň agzybirlikde belleýän toý baýramçylyklarynyň,garaşsyzlygyň eçilen baky bagtyýarlygyň waspy ýetirildi. Çarymuhammet Saparow.

277
277 08.09.2026
Möhüm meselelere garaldy

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi adam hakdaky aladanyň anyk işlerde öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony etrap prokuraturasy etrap hassahanasy bilen bilelikde gurap, maslahata ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist Akmyrat Sadyýew, etrap häkimliginiň baş hünärmeni Döwran Aşyrow çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen il-gün bähbitli öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky alada bilen bagly tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy dogrusynda durup geçdiler. Yhlas KURBANNAZAROW.

268
268 06.09.2026
Hadysasyz ýollar — abadan durmuş

Ýurt Baştutanymyzyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1— 30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirmek baradaky tabşyrygy hem ynsan saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Şu ählihalk çäresi diňe bir sürüjä ýa-da pyýada degişli bolmak bilen çäklenmän, tutuş il-günümiziň abadanlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm çärä biz hem işjeň gatnaşyp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen işlere öz goşandymyzy goşýarys. Şu maksat bilen şäherimiziň köçelerine berk gözegçilik edip, ýollarymyzyň ak ýollar bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Ýusup MOMMYÝEW.

269
269 03.09.2026
Talyp ýaşlaryň arasynda ýol howpsuzlygy wagyz edildi

       Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň hem-de Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly  bir aýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mary Lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen bu çäräniň dowamynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň işgärleri hem-de   bu mekdebiň mugallymlary çykyş edip, talyplara köçe ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry öwrenip, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmelidiklerini düşündirdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar. Altynaý Seýitberdiýewa.

2169
2169 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1989
1989 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2238
2238 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2186
2186 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2103
2103 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2533
2533 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1969
1969 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2317
2317 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.