“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ätiýaçlandyryş işiniň mundan beýläk hem özgerdilmegine, giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, üstünlikli amala aşyrylmagyna, täzeçil çemeleşilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda we onuň ýerlerdäki guramalarynda döredilýän täzelikleriň işe ornaşdyrylmagy raýatlaryň ätiýaçlandyryşa bolan isleglerini gün-günden artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasat özüniň düýp mazmunynda ilatyň abadançylygyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň her bir raýaty üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ätiýaçlandyryş işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ätiýaçlandyrylýanlaryň isleglerinden we halkara ölçeglerden ugur alyp, häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy öz işini barha kämilleşdirýär. Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklar, ulgamlar boýunça durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär.
Goý, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulgerek ESENOWA.








