IŞLER TÄZEÇE GURALÝAR
Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem bilim ulgamyny ösdürmekdir. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ylym-bilim bermekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şol wezipeleri durmuşa geçirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki taryhy ýylyň 1-nji sentýabrynda, ýagny, Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze okuw ýylyna üstünlikli girişildi. Bu ajaýyp senede ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ýaňlanan ilkinji jaňyň sesi kalplara buýsanç duýgusyny çaýdy. Täze okuw ýylynda bagtyýar ýaşlara hem-de bilim işgärlerine şowlulyk we üstünlik arzuw edýäris.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna uly üns berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatyndan ugur alyp, orta hünär okuw mekdebimiziň mugallymlary ýaşlara bilim-terbiýe bermekde işi täzeçe guramaga, onuň hilini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar. Her bir geçilýän sapagyň täsirli bolmagyny gazanýarlar. Bu bolsa bagtyýar ýaşlaryň döwrebap, kämil ylym-bilim almagyna, hünär öwrenmegine uly ýardam berýär.
Ýaş nesliň aýdyň geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ogulsadap MYRATLYÝEWA.








