Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bedew bady bilen has-da beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty has-da ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan tutumly işlere welaýatymyzyň agzybir, zähmetsöýer adamlary hem buýsanýarlar. Şeýle-de, olar ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu günki gün daýhanlara mukaddes toprakdan ýokary hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bolansoň edermen daýhanlarymyz döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikli şertlerden peýdalanyp, berekede beslenýän ekin meýdanlarymyzda yhlasly zähmet çekýärler. Her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök önümleriň bereketli hasyly ýetişdirilip, Watan harmanyna tabşyrylýar. Döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, ýylyň bütin paslynda ak bazarlarymyz, söwda nokatlary ekologiýa taýdan arassa, ter gök önümler bilen üpjün edilýär. Ösüşli döwri başdan geçirýän ata Watanymyzda oba hojalyk pudagyna ylmyň soňky gazananlarynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy bu ulgamyň işiniň has-da öňe ilerlemegine şert döredýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda hem welaýatymyzyň edermen zähmetkeşleri yhlaslylygyň, başarjaňlygyň nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigini gallaçy daýhanlarymyzyň şu ýylyň orak möwsüminde Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaýy tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeginde hem görmek bolýar. Şeýle-de, pagtaçy kärendeçiler “ak altynyň” bereketli hasylyny kemala getirmek bilen, şu günlerde ony çalt we zaýasyz ýygnamak işini guramaçylykly alyp barýarlar. Munuň özi olaryň öňlerinde goýan maksatlaryna abraý bilen ýetjekdiklerinden habar berýär. Şeýle hem, welaýatymyzyň gök ekerançylary yhlasly zähmet çekip, gök önümleriň, bakja ekinleriniň dürli görnüşiniň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmegi barada öňde goýýan wezipelerini olaryň üstünlikli ýerine ýetirýändigi diýseň buýsandyryjydyr.
Welaýatymyzyň daýhanlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemäge çalyşýarlar. Üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzda öndürijilikli zähmet çekýän daýhanlarymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, işlemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








