Halkara ýaşulular güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda welaýatyň Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.Hormatly myhmanlary çagalar sungat mekdebiniň ýaş sazandalary özleriniň çalýan şirin mukamlary bilen garşy aldylar.Bu ýerde ýaş suratkeşleriň döreden ýokary çeperçilikli surat eserleriniň giň sergileri ýaýbaňlandyryldy.Dabarada hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Halkara ýaşulular güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşulularyna,mährem enelerimize iberen mähirli gutlagynyň okalmagy hemmelerde ýokary ruhubelentligi döretdi.Baýramçylykda edilen çykyşlarda ömri nusgalyk mekdebe öwrülen ýaşuly nesliň wekillerine gutlag sözleri aýdyldy. Dabarada çykyş eden ýaşulular,kümüş saçly mährem eneler özleriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak,saglygyny pugtalandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän bimöçber aladalar üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp,Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,il-halk, döwlet bähbitli belent tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.Baýramçylykda hormatly myhmanlara welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň,syýasy partiýalaryň adyndan ýadygärlik sowgatlaryny,bagtyýar körpeler tarapyndan ter gül desseleriniň gowşurylmagy şu günki çäräniň iň dabaraly pursatlary boldy. Bu ýerde welaýat medeniýet müdirliginiň bagşy sazandalarynyň,meşhur estrada aýdymçylarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary hemmelere ruhy lezzet berdi.Asuda,parahat Watanymyzy,türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan rowaç işlerini,halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerini,bagtyýar garrylygy wasp edýän aýdymlar belent heňlerde ýerne ýetirildi.Ýaşuly nesliň wekilleri Mary welaýat kitaphanasynda gezelençde bolup,medeniýet ojagynyň okalga zallarynda döredilen şertler,täze neşir edilen kitaplar bilen tanyşdylar,Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiziň zehin ylhamyndan dörän gymmatly eserleriniň baý sergilerini höwes bilen synladylar.Kitaphanadaky asman jisimlerini öwrenýän obserwatoriýa hem myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.Garaşsyz,baky Bitarap Diýarymyzda ýaşuly nesle goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň alamaty bolan şu günki baýramçylykda toý mekanynda-da aýdym-sazly dabara geçirildi.Dabaranyň dowamynda hormatly myhmanlara baýramçylyk duz-tagamlary hödür edildi.
Sapardurdy Ýaýlymow.








