merw.news – Täzelikler Portaly
weather mary 17° C Mary
weather mary 17° C Mary

103
103 19.10.2026
Sagdynlygyň sakasy

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmek babatynda alyp baran beýik başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz bu babatda ýaşlara nusgalyk görelde bolup durýar we olara sporty özlerine hemra edinmelidigini nygtaýar. Çünki, sport sagdynlygyň sakasydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde hereket edýän sport desgalary ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna giň mümkinçilik berýär. Olaryň sportuň dürli görnüşini özleşdirip, birnäçe ýaryşlara gatnaşmagy, ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň at-owazasyny arşa götermegi üçin ençeme amatly şertler döredilýär. Munuň özi milli sportuň gülläp ösmegi, türgenleriň ussat bolup ýetişmegi üçin uly itergi berýär. Aýsenem HANDURDYÝEWA.

198
198 18.10.2026
Ganat baglap uçar bedew

Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň ýaryşlary dowam edýär. Ýelden ýüwrük bedewleriň arasynda dürli aralyklara guralan ýaryşlar bedew janköýerlerini bir ýere jemleýär. Hoş owazly aýdym-sazlar şatlykly pursatlara aýratyn äheň berýär. Welaýat merkeziniň atçylyk sport toplumy hem geçen ýekşenbede köp adamly boldy. Ilkinji çapyşykda bir müň metr aralyga çapan ikiýaşar atlaryň arasyndan Tarlaň atly dor at öňe saýlandy. Mary döwlet athanasyna degişli, K.Garýagdyýewiň seýislän, B.Sähedowyň çapan bu aty pellehana 1 minut 8,38 sekuntda gelip, özüniň ýyndamlygyny görkezdi. Bir müň metr aralykda güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň ikinji çapyşygy hem gyzykly boldy. Bu gezek 1 minut 11, 60 sekunt wagt bilen Mary welaýat athanasyna degişli Garadaş atly gara dor at ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary G.Handurdyýewdir. Üçýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralykda ýaryşyp, Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir atly gurt mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 39,82 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Dördünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 34,13 sekuntda gelmegi başardy we ýeňiji boldy. Bu aty seýislän D.Amandurdyýew, çapyksuwarlyk eden G.Ýazberdiýew. Tolgundyryjy we çekeleşikli geçen bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda bir müň sekiz ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden Toýçy atly mele aty R.Läliýewiň hojalyk aty bolup, ol bellenilen aralygy 2 minut 3,26 sekuntda geçdi. Bu at öz janköýerlerini begendirip, bäşinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Şatlykly pursatlara beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.

212
212 17.10.2026
Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýakynda etrapdaky sport toplumynyň zalynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalaryň başlyklarynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlaryň arasynda “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” diýen at bilen woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrapdaky orta mekdeplerde okaýan okuwçy oglanlardan düzülen woleýbolçy toparlar özara bäsleşdiler. Ýaryşyň gidişi türgenleriň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Çekeleşikli geçen ýaryş, onda woleýbolçylaryň çalasyn we ynamly hereketleri orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň yhlaslarynyň ýerine düşýändigini görkezdi. Ýaryşda 23-nji orta mekdebiň weloýbolçylary 1-nji, 7-nji orta mekdebiň oglanlary 2-nji, 2-nji orta mekdebiň türgenleri 3-nji orny eýelediler. Woleýbol ýaryşynyň soňunda ýeňiji bolanlara TKA-nyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Aýbölek BEKNEPESOWA.

211
211 17.10.2026
Ýeňil atletikaçylar bäsleşdiler

Ajap eýýamymyzda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde uly işler bitirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan gözbaş alýan bu işler sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Indi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Welaýatda birinjiligi almak ugrunda guralan bäsleşige toparlaryň 8-si gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryş ýeňil atletikaçylaryň oňa ykjam taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Bäsleşikde biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlaram guwandyrdy. Has takygy, ýeňil atletikaçylarymyz Pälwan Çaryberdiýew, Serdar Perhadow 1-nji orny eýelemegi başardylar. Türgenlerimiz Seýran Parahadow, Muhammet Röwşenow, Umyt Arslanow bolsa baýrakly orunlara mynasyp boldular. Rahat AŞYROW.

169
169 15.10.2026
Ýeňijiler öňe saýlandy

Ýakynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki orta mekdepleriň okuwçy oglanlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryş diýseň gyzykly bolup, onda okuwçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, şäherdäki 15-nji orta mekdebiň topary 1-nji, 31-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlar “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar. Aýgül GÜLLEKOWA.

217
217 12.10.2026
Bedewler bat alanda

Geçen ýekşenbede, güýz paslynyň ajaýyp güni welaýatymyzyň atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy şatlyk-şowhuna, aýdym-saza beslenip geçirildi. Ruhuňy galkyndyryjy aýdym-sazyň owazy astynda bedew janköýerleri özlerini tolgundyran at çapyşyklaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Ilkinji at çapyşyk 1000 metr aralyga geçirilip, ikiýaşar saýlama bedewleriň bäşisi gatnaşdyryldy. Onda B.Orazowyň hojalygyna degişli Güller atly dor gysrak ýeňiji bolup, pellehana 1 minut 06,56 sekuntda gelmegi başardy. Tomaşaçylaryň hormatyny gazanan dor gysragy A.Annaýew seýisläp, B.Mämmedow ussatlyk bilen çapyksuwarlyk etdi. Ikinji çapyşyga hem ikiýaşar bedewleriň bäşisi gatnaşdyryldy. 1000 metr aralyga geçirilen çapyşykda Mary döwlet athanasynyň Uçgun atly ak ýal mele aty ýeňiji boldy. K.Garýagdyýewiň seýislän, Ý.Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 12,90 sekuntda geçdi. Üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşan üçünji çapyşyk 1400 metr aralykda geçirildi. D.Amandurdyýewiň öz seýislän hojalyk aty bolan Edepli atly dor at beýlekilerden saýlanyp, 1 minut 40,72 sekuntda pellehana birinji bolup geldi. Bu ata G.Ýazberdiýew ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Dördünji çapyşyk hem 1400 metr aralyga geçirilip, oňa üçýaşar atlaryň bäşisi gatnaşdyryldy. Ş.Şamyradowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 35,93 sekuntda gelip ýeňiş gazandy. Onuň seýsi D.Amandurdyýew, çapyksuwary G.Ýazberdiýewdir. Çekeleşikli geçen bäşinji çapyşyga dört we ulyýaşar atlaryň bäşisi gatnaşyp, olar 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu gezek R.Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy atly mele at 1 minut 36,39 sekunt wagt bilen pellehana öň geldi. Ony Ş.Orazgeldiýew seýisläp, B.Mämmedow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Nobatdaky geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.

225
225 03.10.2026
Uçar ganatly bedewleriň ýaryşy

      ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň nobatdaky tapgyry Mary welaýatynda egsilmejek şatlyk – şowhuna beslendi. Mary atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygyň nobatdaky tapgyrynda çapyşyklaryň bäşisi geçirilip, oňa Mary döwlet athanasynyň şeýle-de hojalyklarda, hususy kärhanalarda ösdürilip ýetişdirilen uçar ganatly bedewler gatnaşdylar. At çapyşygynyň her bir tapgyry  bedew janköýerleriniň şatlyk şowhuny bilen garşylanyldy. Ikiýaşar atlaryň arasynda bir müň metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli, Garýagdyýewiň seýislän Tarlaň atly dor aty Sähedowyň  çapyksuwarlyk etmeginde bu aralygy 1 minut 08,22 sekuntda geçmegi başardy. Täsirli geçen ikinji çapyşykda Mary döwlet athanasyna degişli, Garýagdyýewiň seýislän, Amannazarowyň çapyksuwarlyk eden Uçgyn atly ak ýal mele aty bellenen aralygy 1 minut 13,30 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Bir müň dört ýüz metr aralyga geçirilen üçünji çapyşyk hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Üçýaşar ýaşar atlaryň arasynda geçirlen bu çapyşykda Amandurdyýewiň seýislän, Habibowyň hojalygyna degişli, Maýa atly dor gysrak aty Amannazarowyň çapyksuwarlyk etmeginde 1 minut 41,18 sekunt wagt görkezip, pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. At çapyşygyň dördünji tapgyrynda Şamyradowyň hojalygyna degişli, Amandurdyýewiň seýislän we Ýazberdiýewiň çapyksuwarlyk eden Garajaoglan atly gara aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Bu bedewiň görkezen wagty 1 minut 50,48  sekunda deň boldy. At çapyşygyň bäşinji tapgyry has hem gyzykly boldy. Bu çapyşykda Ýazberdiýewiň seýislän we Ýazberdiýewiň çapyksuwarlyk eden, Kemalowyň hojalygyna degişli Daragyt atly dor aty 1800 metr aralygy 2 minut 09,82 sekunt wagtda geçip, ýeňiji bolmagy başardy. At çapyşygynyň güýzki möwsüminiň nobatdaky çapyşygynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna sowgatlar gowşuryldy. Bu gezekki at çapyşygyna tomaşa eden welaýatyň bagtyýar raýatlary uçar ganatly bedewlerimiziň şan – şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

427
427 08.09.2026
Çekeleşikli geçdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta aýratyn üns berilýär. Döwletimiziň sport abraýy belent derejä göterilýär. Hut şu esasda ýurdumyzda sporta höwesek ýaşlaryň sany hem artýar. Golaýda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda taekwon-do (ITF) boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşa welaýatymyzdaky sport mekdepleriniň tälimçileri we türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgeni Amanmyrat Aşyrow 1-nji, Mary etrabyndaky sport mekdebiniň türgenleri Daýanç Toýlyýew 2-nji, Daýanç Muhadow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Aýparça AKYMOWA.

2332
2332 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2176
2176 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2411
2411 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2346
2346 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2248
2248 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2740
2740 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2141
2141 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2523
2523 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.