merw.news – Täzelikler Portaly
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

38
38 15.06.2026
Körpeleriň ýaryşy

Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda 11-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Körpe türgenler” ady bilen welosiped sürmek boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş körpeler üçin örän gyzykly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda körpeler öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde körpeleriň birnäçesi öňe saýlandy we baýrakly orunlara eýe boldy. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şatlykly pursatlara beslenen ýaryşyň ahyrynda körpeler ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.

13
13 12.06.2026
ÜSTÜNLIKLERE  BESLENÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan ösüş-özgerişleriň ýeňişli menzillerini külterleýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaç alýar.  Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de bu abraýly halkara guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edilen bu Kararnama onuň bütin adamzat üçin möhümdiginiň we örän uly ähmiýete eýediginiň beýany boldy. Elbetde, bu guwançly waka Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.   Döwletgeldi AMANOW.

45
45 07.06.2026
Halypadan ozdurjak şägirt

Yslam bäş-alty ýaşlarynda deň-duş oglanlary bilen ürç edip futbol oýnardy. Özünden has ulurak oglanlar hem ony öz toparyna goşmak islärdiler. Çünki, derwezeden pökgi geçirmekde ondan öňe geçip bilýän ýokdy. Töweregiň oglanlary bilen iki topara bölünip, futbol oýnamaly bolanda, köpüsiniň onuň toparyna düşesi gelýärdi. Ol alty ýaşyny dolduryp, mekdebe okuwa gitdi. Futbol gurnagyna ýazyldy. Gün yrman geçirilýän türgenleşikler ony kem-kemden taplady, kämilleşdirdi. Ol etrap, welaýat, ýurt çäklerindäki dürli sport ýaryşlaryna gatnaşyp başlady. Şol ýaryşlarda hem iň köp pökgi geçiren esasy hüjümçi Yslam Wellekow bolýardy. Bu ýeňişlerde Yslamyň ukyby hem yhlasy aýdyňlygy bilen ýüze çykýardy. Ukybam, erjelligem türgen üçin esasy gerek zatlaryň biridir welin, gazanylýan ýeňişleriň özeninde tälimçi Maksat Gurbanowyň irginsiz aladalary, bimöçber tagallalary, çagalara bolan buýsanjy, söýgüsi, egsilmez yhlasy hem bar. Ýaşajyk türgen Yslam Wellekow barada söhbetdeşligimizde, buýsançly nazary şägirtlerine düşende, tälimçiniň guwanjy mese-mälim duýulýardy. — Öz oýnaýan toparynda Yslam iň kiçisi bolsa-da, onuň kämilligi, ezberligi has ýokary derejede ýüze çykýar. Öz erjelligi, yhlasy bilen bu ýaşajyk türgen toparda öňe saýlanmagy başarýar.  Ýaňy-ýakynda 2010 — 2018-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Ahal welaýatynyň açyk birinjiliginde welaýatymyzyň “Mary” topary 1-nji orny eýeläp, Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy. Bu ýaryşda “Mary” toparynyň sport abraýyny goramak üçin biziň “Bagtyýarlyk” toparymyz çykyş etdi. 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan toparymyzda iki pökgini derwezeden merkezi hüjümçimiz Yslam geçirdi. Ýeri gelende belläp geçsek, futbol oýnunda öňdebaryjy bolmak bilen, Yslam Wellekow şu ýyl Mary şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synpyny gowy bahalar bilen tamamlady. Biz geljegine uly umyt döredýän ýaşajyk türgenimize guwanýarys, buýsanýarys. Geljekde-de ol has uly ýaryşlara gatnaşyp, toparymyza ýeňiş getirmekde başarnygyny görkezer diýip umyt edýäris. Onuň türgenleşigi birjik-de gowşatman, halkara ýaryşlarynda hem ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga goşandyny goşjakdygyna uly ynam bildirýäris — diýip, Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Maksat Gurbanow aýdýar. Muhammetjuma HYDYROW.

96
96 03.06.2026
Maryda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

 Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da ýokary ruhubelentlikde welaýatyň bagtyýar ilatlarynyň giň köpçüliginiň agzybirlik bilen gatnaşmagynda ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda guramaçylykly bellenip geçildi. Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşýanlar ir säherden Mary şäheriniň Kemine köçesiniň ugrunda ýörişiň başlanýan ýerine jemlendiler. Bu günki baýramçylyk mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşyjylar sport çäräniň başlanýan ýerinde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Medeniýet we sungat işgärleri, ussat aýdymçylary we tans toparlary özleriniň taýýarlan aýdymdyr sazlary we tanslary bilen çykyş etdiler. Bu ýerde belent heňde ýerine ýetirilen aýdymlarda we joşgunly tanslarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli rowaç işleri, gülleýän, gül açýan eziz Diýarymyz, şan-şöhraty dünýä dolan türkmen sporty giňden wasp edildi. Belent joşgun bilen ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary we tanslary ýörişe gatnaşanlar gyzgyn garşyladylar. Her ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp döwletlerinde şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän ,,Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Mary şäheriniň giň köçeleri boýunça guralan welosipedli ýörişe welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köp sanly bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Sport janköýerleri Mary şäheriniň Kemine köçesinden bat alyp, şäheriň görkana, giň, owadan, gyralary gül-gunçaly, gür baglara bürenen köçeleri boýunça welosipedli ýöriş edip, bedenlerini berkitdiler. Baýramçylyk ýörüşine gatnaşýan ruhubelent welosipedçileriň gözýetime çenli uzap gidýän owadan hatarlary şäheriň gözelligi bilen aýratyn sazlaşygy emele getirip, hemmelerde köpçülikleýin bedenterbiýä, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine, sportuň we sagdynlygyň ýurduna öwrülen ata Watanymyza bolan begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň baş şygaryna öwrülýär. Welosport hem türkmenistanlylaryň durmuşynda aýratyn orun eýeledi. Geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşanlar ýol ugra şäherde bina edilen medeni maksatly binalaryň öňünde guralan aýdym-sazly baýramçylyk şowhunlaryna, sport görkezme çykyşlara tomaşa etdiler. Joşgunly baýramçylyk çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk başlangyçlary, ýurdumyzyň asudalygy, sportda ýetilen belent sepgitler joşgunly wasp edildi. Ýörişiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda welaýat merkezinde bina edilen biri-birinden owadan, gündogar binagärlik derejesinde gurlan ymaratlary synlamakdan çäksiz lezzet alan bagtyýar raýatlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesine eýerilip geçirilýän köpçülikleýin welosiped ýörişi, bedenterbiýe we sport ýaryşlary ýurdumyzda barha dabaralanyp, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýan bu sport ýaryşlary beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde gaýragoýulmasyz edilýän aladalardan nyşandyr. Şu geçirilýän ýaryşlar ýurdumyzda sportuň welosiped sürmek ýaly görnüşiniň has meşhurlyga eýe bolýandygyny hem-de berk bedenli, berdaşly ussat türgenleriň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär. Bu günki ýörişe gatnaşanlar bellenilen aralygy ruhubelentlik bilen geçip, pellehana geldiler. Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän welaýat medeniýet köşgüniň öňünde olary welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, sport türgenleri özleriniň aýdym sazly çykyşlary bilen garşyladylar. Meýdançada sportyň köp sanly görnüşleri boýunça sport görkezme çykyşlaryna-da giň orun berildi. Welaýatyň ýaş türgenleriniň sportuň dürli görnüşi boýunça görkezen çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdy. Bu ýerde görkezilen sport görkezme çykyşlary, ýaňlanan aýdym-sazlar hemmeleriň göwünlerini joşduryp, olarda ýakymly täsirler galdyrdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bellenilen Bütindünýä welosiped güni döwletimiziň sport abraýynyň barha meşhurlyga eýe bolýandygyny we türkmen sportunyň ösüşleriň täze belentliklerine çykýandygyny ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen subut etdi. Göwher Ataýewa

128
128 22.05.2026
Ganatly bedewleriň ýaryşy

Geçen ýekşenbe güni Mary atçylyk sport toplumy dabaralara beslenip, köp adamly boldy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän at çapyşygy şatlyk-şowhuna beslendi. Birinji çapyşyk üçýaşar bäş bedewiň gatnaşmagynda geçirilip, olar 1200 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu çapyşykda A. Garageldiýewiň hojalyk aty bolan Keramat atly gyr at öz ýyndamlygyny görkezdi. K. Garýagdyýewiň seýislän, T. Annaçaryýewiň ussatlyk bilen çapan bu aty pellehana 1 minut, 29,08 sekuntda gelmegi başardy. Gyzykly geçen ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilip, oňa 4 sany at gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda B. Rejepowyň hojalyk aty bolan Guwanar diýen gara at öňdeligi eýeledi. D. Amandurdyýewiň seýislän bu aty 1 minut, 39,71 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Oňa Ý. Amannazarow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.  Üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen üçünji çapyşyga bäş sany bedew gatnaşdyryldy. Onda Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan gara ata ýyndamlykda taý tapylmady. Bu atyň seýsi hem çapyksuwary bolan D. Amandurdyýew bolup, ol bellenilen aralygy 1 minut, 44, 41 sekuntda geçmegi başardy. Dördünji we bäşinji çapyşyklar dörtýaşar we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralykda geçirildi. Dördünji çapyşyga dört bedew gatnaşdyryldy we G. Amanowyň hojalyk aty bolan Alçep atly dor at ýeňiji boldy. Ol bellenilen aralygy 2 minut,  9,93 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Y. Potraýew, çapyksuwary G. Ýazberdiýew. Bäşinji, jemleýji at çapyşygyna bolsa, 4 sany bedew gatnaşdyrylyp, olardan R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy diýen mele at pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän, B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk eden bu aty 1800 metr aralygy 2 minut, 0,33 sekuntda geçdi. Çapyşyklarda ýeňiji bolan bedewlere serpaý ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

181
181 19.05.2026
Futbol boýunça ýaryş geçirildi

Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, TMÝG-niň şäher geňeşiniň göçme kubogyny almak ugrunda şäheriň orta mekdeplerinde bilim alýan oglanlaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirildi. TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat baş bilim müdirliginiň, şäher polisiýa bölüminiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş diýseň çekeleşikli boldy.  «Sport — ýaşlaryň gujurly güýji» ady bilen guralan ýaryş utulan çykdy usulynda bolup, onda toparlardaky okuwçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýaryşa welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň futbol boýunça tälimçileri eminlik etdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde TMÝG-niň şäher geňeşiniň göçme kubogyna şäherdäki 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary mynasyp boldy. Şeýle-de, 6-njy orta mekdebiň okuwçylary 1-nji, iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçylary 2-nji, 14-nji orta mekdebiň okuwçylary 3-nji orunlary eýelediler.  Ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.   Annagözel SARYÝEWA. 

73
73 14.05.2026
Ýeňişli  ýollaryň  köp  bolsun, jeýhun!

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerýän türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, eziz Watanymyzyň ezber ussatlary bolup ýetişýärler. Şol ussatlaryň hatarynda ýaşlaryň hem bolmagy bizi örän buýsandyrýar.  Mary şäherindäki 21-nji orta mekdepde bilim-terbiýe alýan Jeýhun Orazmämmedow  hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy arzuw edýär we sport bilen meşgullanyp başlaýar. Şeýlelikde, ol 2-nji synpda Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Abdy Abdyýewiň elinde sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça tälim alýar. Jeýhun ýaşlygyna garamazdan,  welaýat we döwlet derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryna we Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, birnäçe gezek welaýatymyzyň hem-de ýurdumyzyň çempiony boldy. Oňa 2023-nji ýylda sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça ulularyň I we 2025-nji ýylda sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça ulularyň II sport derejeleriniň berilmegi ony täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaş türgen Jeýhun Orazmämmedow 2025-nji ýyldan bäri Mary şäherindäki 4-nji, 8-nji  sport mekdeplerine, sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça türgenleşige gatnap, şäherdäki 4-nji sport mekdebiniň halypa tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň, 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mähri Agaýewanyň goldawy bilen onuň sportda ussatlygy artyp başlaýar. Ol her ýylda sportuň taekwon-do (WT), (WTF) we (ITF) görnüşlerinde geçirilýän ýaryşlarda öz agramynda şowly çykyş edip, 1-2-nji orunlary eýeläp gelýär we Türkmenistanyň kubogyna, birnäçe medallara, diplomlara we Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.  “Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, ýaşlykdan özüniň erjelligi bilen ýeňşe tarap ynamly gadam urýan Jeýhunyň çagalykdaky arzuwy, sporta bolan söýgüsi ony uly ýeňişlere ýetirýär. Geçen ýylyň dowamynda we üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde ençeme gezek Türkmenistanyň taekwon-do (ITF) Milli merkeziniň synaglaryndan geçip, gara guşaga hödürlenilmegi onuň sportdaky başarjaňlygyny subut edýär. Häzirki wagtda şäherdäki 21-nji orta mekdebiň 12-nji synpynyň iň göreldeli okuwçysy, ýaş taekwon-doçy Jeýhun Orazmämmedow okuwdan boş wagtlaryny diňe türgenleşikde geçirýär. Biz hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy maksat edinen Jeýhun jigimize mundan beýläk-de üstünlikli we ýeňişli ýollarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.  Goý, geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjek ýaşlaryň sany köp bolsun! Bahargül MEJIDOWA.  

169
169 14.05.2026
Ahalteke  bedewi — biziň  buýsanjymyz  we  şöhratymyz

Geçen hepdede Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen guralan atly sport we gözellik bäsleşikleri, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň önümçilik we ylmy edaralarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan uly topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynda geçirilen bu halkara dabaralaryna gatnaşdy. 8-nji maýda Daşkent şäherindäki “Ýangi Toshkent Conference Hall” merkezinde “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly halkara maslahat geçirildi. Merkeziň eýwanynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.  9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent welaýatynda “Gündogaryň merjeni” ady bilen atly sport we gözellik bäsleşigi geçirildi. Saýlama ahalteke atlarynyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde at çapyşyklary guraldy. Şeýle hem 10-njy maýda “Gündogaryň merjeni” atly halkara bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan ahalteke atlary gatnaşdyryldy. Eminleriň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi “Gündogaryň merjeni” atly dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Aýgytly Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýisine ýeňil awtoulagyň açary, kubok hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy. Asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolupdyrlar. Häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurtlarymyz bu gymmatlyklara pugta eýerýärler. Şunda parahatçylygyň özboluşly ilçileriniň — ahalteke atlarynyň aýratyn orunda bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

1658
1658 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1453
1453 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1711
1711 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1644
1644 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1598
1598 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1859
1859 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1385
1385 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1672
1672 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.