Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň zehinini ýüze çykarmakda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Olaryň döwrebap bilim almagy, döwür bilen aýakdaş gitmegi, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy ugrunda uly aladalar edilýär. Mekdeplerde lingafon otaglarydyr multimediýa tagtalary bolup, olaryň kömegi bilen mugallymlar ýaş nesillere bilim berýärler.
Diňe bir uly ýaşly okuwçylaryň däl, eýsem, başlangyç synp okuwçylarynyň hem kompýuterden baş çykarmagy üçin her täze okuw ýylynda 1-nji synpa gelýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär. Biz — mugallymlar hem okuwçylaryň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmak maksady bilen olaryň arasynda ençeme bäsleşikleri yzygiderli guraýarys.
Maral HOJAMUHAMMEDOWA.








