Hemişe wajyplygyna galýan nesil terbiýesine goşantly bolmagyň guwançly tarapy bilen birlikde, jogapkärçiligem ýeterlik. Bu meseläniň jogapkärçiligi ertirimiziň eşretli bolmagy bilen baglydygynda jemlenýär. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz ylymly-bilimli, edep-terbiýeli nesli kelama getirmäge gönükdirilen meselä hemişe uly üns berýär. Ýurdumyzda ulanmaga berilýän ylym-bilim edaralarynyň döwrebap binalary bu aýdýanlarymyza subutnamadyr.
Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da uly işler alnyp barylýar. Bilim işgärleri hakda edilýän aladalar olary has tutanýerli zähmet çekmäge galkyndyrýar. Geňeşimiz tarapyndan etrabymyzyň bilim işgärlerine goldaw-ýardam bermekde degerli işler geçirilýär. Olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak, has gowy netijeleri gazanýanlary höweslendirmek işleriň ilerlemegine bähbitli täsirini ýetirýär.
Amanbibi BEKIÝEWA.








