Bir jaý ussasy öz başlygyna garrylyk dynç alşyna çykmakçydygyny aýdýar. Iş beriji onuň iň soňky binasyny gurmagyny haýyş edipdir. Jaý ussasy ylalaşyp, işe girişipdir, ýöne arzan serişdeleri ulanyp, ýaramaz işläpdir. Haçan-da, jaýy gurup bolanda, hojaýyn oňa açar gowşuryp:
— Bu jaý meniň saňa sowgadym — diýipdir.
— Eger muny öň bilen bolsadym, jaýy başgaça gurardym — diýip, ussa eden işine utanyp, ökünipdir.
Taýýarlan
Göwher AKMAMEDOWA.








