«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli atçylyk medeniýetiniň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrýan möhüm waka boldy.
Kabul edilen Kanunyň esasy maksady arassa ganly ahalteke bedewlerini we olaryň genofonduny gorap saklamakdan, baş sanyny artdyrmakdan, şejere ugurlarynyň dowamlylygyny üpjün etmekden hem-de milli atçylyk sungatyny ösdürmekden ybaratdyr. Her bir ahalteke bedewiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi, çiplenilmegi we gelip çykyşynyň genetiki barlaglar arkaly tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň döwrebap esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.
Ahalteke bedewiniň gymmaty onuň tohumçylyk aýratynlyklary bilen bir hatarda, onuň bilen baglanyşykly milli sungatda hem öz beýanyny tapýar. Seýisçilik, atlary bezemek, milli at şaý-seplerini taýýarlamak ýaly gadymy däpler halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Kanun bu däpleri gorap saklamaga, olaryň dowam etdirilmegine we seýisleriň hem-de atşynaslaryň işiniň goldanylmagyna hukuk esasyny döredýär.
Milli mirasy goramakda ylym we döwrebap tehnologiýalar möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Kanunda ahalteke bedewleri baradaky golýazmalaryň, taryhy ýazuw çeşmeleriniň we beýleki maglumatlaryň ýygnanylmagy, saklanylmagy we ylmy taýdan öwrenilmegi bilen bir hatarda, sanly maglumat gorlarynyň we beýleki innowasion ulgamlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilikler ahalteke bedewleriniň taryhyny we tohumçylyk maglumatlaryny bitewi ulgamda jemlemäge şert döreder.
Kanun ýaş nesli milli atçylyk medeniýetine çekmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär. Çagalaryň we ýaşlaryň atlara bolan söýgüsini we sarpasyny ösdürmek, bilim edaralarynda okuw-amaly sapaklary we gezelençleri guramak, şeýle hem atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylmagy milli atçylygyň geljegine gönükdirilen möhüm ädimlerdir.
Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem Kanunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkara duşuşyklarynyň, ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň we sergileriň geçirilmegi, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk giňişligindäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny döretmek boýunça başlangyçlaryň goldanylmagy hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär.
Täze Kanun şol beýik mirasyň ygtybarly döwlet goragyny üpjün edýän möhüm hukuk binýadydyr. Asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten türkmen bedewiniň şanly ýoluny dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Maksat JANMYRADOW.








