Güýz paslynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ir säher we agşamara gezelenç etmeli. Beden berkidiji maşklary ýerine ýetirmeli.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Günüň dowamynda mümkin boldugyça pesinden 5 - 6 sany gök önümleri we miweleri kabul etmeli. Gök we miwe önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Şeýle-de, günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 3 — 5 gramdan artyk bolmazlygyna çemeleşmeli. Gerekli mukdarda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny günüň dowamynda kabul etmeli.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleriňizi elmydama arassa saklamaly, ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly. Iş ýeriňizde we öýleriňizde otaglaryň tämiz bolmagyny gazanmaly. Wagtal-wagtal üzärlik dermanlyk ösümliginden peýdalanyp, otaglaryň howasyny çalşyp durmaly.
Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak maksady bilen milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy içmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.








