Döwrebap kärhana ulanylmaga berildi
Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzda telekeçileriň ýadawsyz yhlas-tagallalary bilen ilatyň azyk önümlerine, dürli görnüşli harytlara bolan islegini kanagatlandyrmakda netijeli işler bitirilýär. Täze iş orunlary döredilýär. “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Önümçilik kuwwatlyklaryny täze, döwrebap kärhanalaryň hasabyna has-da giňeldýärler.
Mälim bolşy ýaly, Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde tejribeli telekeçi Guwançmyrat Orazowa bölünip berlen 3,5 gektar meýdanda süýdi gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berildi. Kärhananyň ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolup, ilaty ýokary hilli süýt önümleri bilen üpjün etmekde zerur şertler döredildi. Döwrebap kärhananyň gurluşyk-gurnama işleri “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Kärhananyň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygyna zerur bolan gurluşyk materiallary we harytlary Türkiýe döwletiniň “EMKA METAL ÇELIK ÝAPI SANAÝI VE TICARET LIMITED ŞIRKETI” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda satyn alyndy.
Täze kärhanada oturdylan önümçilik enjamlary Türkiýe, Germaniýa döwletleriniň öňdebaryjy önümleri bolup, olaryň ýokary önümçilik mümkinçiligi bellärliklidir. Bu ýerde öndüriljek süýt önümleri üçin çig mallaryň esasy bölegi ýerli sygyr süýdi bolup durýar. Çig mallaryň beýleki görnüşlerini Türkiýe, Daniýa, Russiýa, Malaýziýa, Hytaý ýaly döwletlerden getirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde her ýylda gaýtadan işlenilmeli 50 müň tonna süýtden 3 müň tonna gury süýt, 1050 tonna mesge ýagy, 8 müň tonna gatyk-gaýmak önümlerini, bir-bir ýarym tonna aralygynda peýnir hem-de 10 müň tonna doňdurma öndürmek göz öňünde tutulýar. Şu önümleri öndürmek boýunça bolsa, her günde 140-150 tonna süýt gerek bolar.
Täze kärhananyň ulanylmaga berilmegi guwançly waka boldy. Bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi haryt bolçulygynyň döredilmeginde möhüm ädim bolar.
Baýram AMANOW.








