Ýurdumyzda il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baýlygy hasaplanylýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Etrabymyzyň ilatynyň saglygyny goramakda, halka lukmançylyk hyzmatyny etmekde bölümimiziň lukmanlary we şepagat uýalary degerli tagallalary edýärler. Maslahat beriş we keselleri anyklaýyş bölümimize gelýänleri lukmanlarymyzdyr şepagat uýalarymyz güler ýüz bilen garşylap, olaryň möhümleriniň gysga wagtda ýerine ýetirilmegi ugrunda aladalanýarlar. Bölümimize ýüz tutup gelýän näsaglaryň kesellerini anyklap, olara degişli maslahatlary berýärler. Bu bolsa olaryň degerli bejergi alyp, saglyklaryny dikeltmäge zerur şertleri döredýär. Lukmanlarymyzyň maslahat beriş we keselleri anyklamak bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň bähbitli çözgüdi bolsa, ilatyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bölümimiziň otaglary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, olarda ilata ýokary hilli hyzmat etmäge ähli mümkinçilikler bar. Biz halkyň saglygyny goramakda ähli tagallalary edip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýäris.
Tawus BABAÝEWA.








