Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-günümiziň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Halkyň saglygyny goramak bilen bagly wezipäniň çözgüdinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesidir. Durmuş tejribesinden äşgär bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adam sagdyn we ruhubelent bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň düýp maksadam Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň sport abraýyny täze belentliklere çykarmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtda bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkidip, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny nazarlaýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we desgalarynda tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar. Olarda ýaş türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Şonuň netijesinde bolsa, türgenlerimiz dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dünýä çempionatlarynda ýokary netijeleri gazanýan türgenlerimiziň hormatly Prezidentimiz tarapyndan awtoulaglardyr pul baýraklary bilen sylaglanmaklary olary ýeňişli menzillere ruhlandyrýar.
Türkmen türgenleriniň şowly çykyşlaram, sport bilen baglanyşykly Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilýän Kararnamalaram döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamlarynyň batlanýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty halkymyzyň saglygyny berkitmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilendir.
Merdan DURDYÝEW.








