Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew batly öňe barýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda gazanylýan ýokary görkezijiler ykdysady ösüşlerimize itergi berýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen hususyýetçilik çygrynyň durnukly ösdürilmeginde belent sepgitlere eýe bolunýar. Indi telekeçilik kuwwatly öndüriji güýç hökmünde kemala gelip, Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişlerine saldamly goşandyny goşýar.
Şeýle möhüm tagalla bilen bagly işlerde welaýatymyzyň telekeçilerem uly işleri bitirýärler. Aýratynam, “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde gowy netijeleri gazanýarlar. Önümçilik kuwwatlyklary döwrebap kärhanalaryň hasabyna giňeldilýär. Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde tejribeli telekeçi Guwançmyrat Orazowa bölünip berlen 3,5 gektar meýdanda süýdi gaýtadan işleýän döwrebap kärhananyň gurluşygy tamamlanylyp, ulanylmaga berildi. Täze kärhananyň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygyna zerur bolan gurluşyk materiallar we harytlar Türkiýe döwletiniň “EMKA METAL ÇELIK ÝAPI SANAÝI WE TICARET LIMITED ŞIRKETI” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda satyn alyndy. 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kärhananyň gurluşyk-gurnama işleri “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap kärhanada oturdylan ýokary öndürijilikli enjamlar Türkiýe, Germaniýa döwletleriniň öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlarydyr.
Bu kärhanada öndüriljek süýt önümleri üçin çig mallaryň esasy bölegi ýerli sygyr süýdi bolup, çig mallaryň beýleki görnüşlerini Türkiýe, Daniýa, Russiýa, Malaýziýa, Hytaý ýaly döwletlerden getirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde her ýylda gaýtadan işlenilmeli 50 müň tonna süýtden 3 müň tonna gury süýt, 1050 tonna mesge ýagy, 8 müň tonna gatyk-gaýmak önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem kärhanada bir-bir ýarym tonna aralygynda peýnir hem-de 10 müň tonna doňdurma öndürip, alyjylara hödürlemek meýilleşdirilýär. Kärhanada şu önümleri öndürmek üçin bolsa her günde 140-150 tonna süýt gerek bolar.
Görşümiz ýaly, täze kärhananyň uly geljegi guwanç duýgusyny döredýär. Çünki, telekeçilerimiz yhlas-tagallalary bilen azyk bolçulygyny döretmekde uly işleri bitirýärler.
Baýram AMANOW.








