Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny ýol-ýörelge edinýän türkmen halky eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. Zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da tutanýerli zähmet joş urup, Garaşsyz döwletimiziň ösüşli menzilleri has-da abadan geljege uzaýar.
Şanly ýylymyzda ýetilýän belent sepgitler, dabarasy dag aşan taryhy wakalaryň buýsançly ýaňy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabarasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň taryhy wakalary bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ýeňişli menzillerine goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.
Gurbangül MÄDENOWA.








