Örän ir döwürlerden bäri Oh Ariý, orta asyrlarda Tujen we soňra Tejen adyna eýe bolan bu derýa Orta Aziýanyň uzyn derýalarynyň biridir. Derýa taryhy çeşmelerde ilkinji gezek birinji asyrda ýaşan rim taryhçysy Kwint Kursiý Rufýň «Beýik Aleksandr Makedonskiniň taryhy» atly eserinde grek serkerdesiniň Oh (Tejen) we Oks (Amyderýa) derýalaryndan geçip Margiýana şäherine gelendigi baradaky habarynda agzalýar. Şeýle hem şol döwürlerde ýaşan grek-rim taryhçysy Strabonyň «Geografiýa» atly eserinde Oh (Tejen) derýasynyň kenarynda parfiýalylaryň, margianalylaryň, ariýalylaryň we dahlaryň ýaşaýandygyny görkezipdir. Strabon bu eserinde guýy gazyjylaryň derýanyň ýakynyndan ýag (nebit) çykýan çeşmeleri tapandyklaryny agzapdyr.
Owganystanyň günbatarynda, Eýranyň demirgazyk-gündogarynda we Türkmenistanyň häzirki çäkleriniň günortasynda hereket eden gadymy Ariýada derýanyň adyna Ariýa hem diýilipdir. XII asyrda ýaşan pars ýazyjysy Muhammet ibn al-Munnawwar Meýheni «Goja Aby Saidiň edermenliklerinde Hudaý bilen pynhan birleşmeleri» atly eserinde XI asyrda türkmen seljuk taýpalarynyň Jeýhundan aşyp Tujende (Tejende), Bawertde, Meýhenede mesgen tutandyklaryny belleýär. Soňra ol bu eserinde seljuk türkmenleriniň Tejenden çykyp, Merwe tarap gaýdyp, Daňdanakan söweşine gatnaşandyklaryny ýazypdyr. Sebitiň we derýanyň Tejen ady XV asyrda ýaşan pars taryhçylary Mirhondyň, Hafizi Abrunyň we soňraky asyrlarda ýaşan taryhçylaryň eserlerinde gabat gelýär.
Tejen derýasynyň ugrunda onuň ady bilen baglanyşykly ýerleriň we desgalaryň birnäçesi bar. Eýran döwleti bilen biziň ýurdumyzyň serhedinde iki ýurduň ylalaşygy esasynda gurlan «Dostluk» suw howdany olaryň biridir. Sarahs etrabynyň günbatarynda, Tejen derýasynyň daglykdan çykyp, biziň Diýarymyzyň düzlügine düşýän ýerinde aşagyndan suw akar ýaly bäş sany gümmez görnüşli gözli, häzirki wagtda uzynlygy 60 metre, ini 3 metre, beýikligi hem 10 metre barabar bolan «Pulhatyn» atly täsin köpri bar. Bu köpri XV asyrda gurlandyr diýlip çaklanylýar. 1889-njy ýylda köprüde täzeden rejeleýiş işleri geçirilip, häzirki ölçeglere getirilipdir.
Alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda köpriniň adynyň gelip çykyşy barada şeýle düşündiriş berýär. «Bu at pars-puştu dillerindäki pul («köpri») we gatin («daş», «daşdan edilen») sözlerinden emele gelip, «daş köpri» diýen manyny aňladýar.
Tejen etrabynda köne döwürlerde derýanyň joşup, köplenç böwüsýän giň meýdanyna «Ýyrtyk» we derýanyň çep tarapynda, töweregine künji ekilen rabata «Künjirabat» diýlen atlar galypdyr.
Derýa merkezi Owganystanyň deňiz derejesinden 3000 metr ýokardaky Hisar gerişlerinden gaýdýan Şorköl we Siahnaşma derýalarynyň birleşmelerinden emele gelýän gözbaşyny alyp gaýdýar we Eýranyň hem içinden geçip, Sarahsyň ýokary ýanyndan ýurdumyzyň çägine aralaşyp, Tejen sebitinde akymyny ýitirýär. Derýanyň uzynlygy takmynan 1150 kilometre barabar. Tejen derýasy biziň ýurdumyza aralaşýança Gerirud (Hyratrud) «Hyrat derýasy» diýip atlandyrylýar.
Tejen adynyň gelip çykyşy barada alym Soltanşa Atanyýazow ýokarda ady agzalan eserinde “A.Wamberi (XIX asyrda ýaşan wenger alymy) bu sözüň teý-jend (ýagny, teý-kent, teý-«aşak», kent-«oba», «şäher») sözlerinden emele gelip «aşakdaky şäher» ýa-da «derýanyň aşaky akymyndaky, pesindäki oba» ýaly manyny aňladýan bolmagynyň mümkindigini ýazýar. Ähtimal, bu pikir dogry bolsa gerek, çünki, teý sözi bilen gelýän atlar Tejen derýasynyň boýunda başga-da bolupdyr”. Şeýle hem internet sahypalarynda Tejen adynyň gadymy eýran dilindäki “taçani” sözünden gelip çykyp, «çasly akym» diýen manyny berýändigi hem nygtalýar.
Ýazly SEÝIDOW.








