Türkmen halky — öz taryhyna, milli medeniýetine sarpa goýýan şahyrana halk. Halkymyzyň baý medeni mirasy bar.
Ýap-ýaňy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň baýramy dabaraly bellenildi. Uruş ýyllarynyň pajygaly günleriniň şaýady bolan, uly il bilen bir hatarda ýeňşe garaşan, görnükli şahsyýetleriň biri Anna Paýtygy ýatlasym geldi. Maňa obadaşymyz Anna Paýtygy, onuň maşgalasyny ýakyndan tanamak bagty nesip etdi.
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy, žurnalist hem kinodramaturg Anna Paýtyk 1928-nji ýylda Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Geljekki ýazyjy ýaňy dört ýaşanda kakasy aradan çykýar. Maşgala ekleýjisiz galýar, üç sany çülpe çagasy bilen galan maýyp enä güzeran aýlamak ýeňil düşmeýär. Ýöne esasy kynçylyklar öňdedi — Beýik Watançylyk urşy başlanypdy.
Ýazyjy: “Men döwletli hasap edilýän maşgalada dogulsam-da, gün-güzeranymyzyň weji ýokdy” diýip ýatlar ekeni.
Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen olaryň günleri has-da kynlaşýar. Aýal dogany durmuşa çykýar, özünden uly ýalňyz erkek dogany Juma bolsa ýaňy on sekiz ýaşy dolanda fronta gidýär. Frontdan ýygy-ýygydan ajy habarlar gelýärdi. Ýazyjynyň agasy Jumadan hem Wolhow frontunda söweşip ýören mahaly dereksiz ýitenligi barada habar gelýär. Onuň yzynda bary-ýogy ýigrimi gün ýaşaşan gelni galýar. Şeýdip Anna Paýtyk öz eseriniň gahrymany ýaly, bir goly şikesli ejesi hem ýeňňesi bilen galyberýär. Ol on bir ýaşyndan kolhozda işläp başlaýar. Uruş gutarandan soň Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebini tamamlap, mugallym bolup işleýär. Soňra häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girip, 1955-nji ýylda ony üstünlikli tamamlaýar.
Ol žurnalistlik kärini ele alyp, döredijilik işi bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Respublikan radioda çagalar gepleşikleriniň redaktory bolýar. Soňra uzak ýyllap “Edebiýat we sungat” gazetinde işlemegi onuň döredijiliginiň kämilleşmegine kömek edýär. Türkmenistanyň dürli etraplaryna öwran-öwran sapara gitmegi geljekki ýazyjynyň durmuşy içgin öwrenmegine, ezber žurnalist, publisist bolup ýetişmegine ýol açýar.
Kiçi göwrümli hekaýalary, goşgulary çap bolup ugransoň, ýazyjy körpelere öz çagalygy barada giňräk gürrüň bermek isleýär. Şeýlelikde, Anna Paýtygyň ilkinji göwrümli eseri — “Uruş döwrüniň oglany” atly kitaby 1966-njy ýylda çap bolýar. Şondan soň okyjylar köpçüliginiň hem edebiýatçylaryň arasynda ol derrew adygýar. Ýazyjynyň ilkinji uly eseriniň respublikan bäsleşikde baýrak almagy, derrew rus diline geçirilip, soňra ozalky Soýuzyň respublikalarynyň halklarynyň dillerinde we Berlinde nemes dilinde özbaşyna kitap bolup çykarylmagy oňa tanymallyk getirýär.
Bu eseriň okyjylar tarapyndan şeýle halanylmagy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden onuň gahrymanlary barada gyzyklanylyp hatlaryň gelmegi ýazyjyny ruhlandyrýar we 1978-nji ýylda “Arkadagym — agtyklar” ady bilen eseriň ikinji kitaby çap edilýär. Bu eser hem respublikan bäsleşikde baýrak alýar we rus, ukrain dillerine terjime edilýär. Ýazyjynyň öz gahrymanlarynyň içki dünýäsiniň gözelligini çeperçilik bilen beýan etmek ukyby, onuň eserlerine uly gyzyklanma döredýär. Onuň “Gyzyl mugallym”, “Eneler uklamaýar”, “Ýurt eýesi”, “Jöwza”, “Älemgoşar”, “Köpri” ýaly powestleri okyjylaryň söýüp okaýan eserlerine öwrüldi.
Anna Paýtyk ýazyjy, žurnalist hem kinodramaturg. Moskwada okap, kinossenariçileriň iki ýyllyk ýokary kursuny tamamlandan soň, “Mosfilm” kinostudiýasynda onuň “Post №1” nowellasy esasynda ýazan ssenarisi boýunça “Ýol ugra Moskwada” atly gysga metražly, reňkli çeper film surata düşürilýär. 1972-nji ýylda “Türkmenfilm” kinostudiýasynda ýazyjynyň ssenarisi esasynda, soňra tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanan “Meniň dostum Meleguş” atly doly metražly çeper film, 1975-nji ýylda bolsa şol kinostudiýada “Ýurt eýesi” atly çeper film surata düşürilýär.
Beýik Watançylyk urşunyň agyr günlerini başdan geçiren awtoryň köp eserleri şol pajygaly döwre bagyşlanylandyr. Onuň ady belli “Ýurt eýesi” powesti, şol eser esasynda surata düşürilen “Ýurt eýesi” çeper filmi hem okyjyny şol uzakdaky uruş ýyllaryna alyp gidýär.
... Mamur eje öz söwer oglunyň uruşda wepat bolandygy baradaky habary alýar. Mamur ejäni, onuň gelni Arzygüli maşgalada ýurt eýesiniň galmandygy oda atýar. Arzygül uruşdan gaýdyp gelen esgeri halaýar we onuň bilen durmuş gurýar. Olar ilkinji perzentlerini wepat bolan esgeriň ýurt eýesi diýip Mamur ejä bermek isleýärler...
Türkmen edebiýatyna goşan goşantlary, bitiren işleri göz öňünde tutulyp ýazyjy Anna Paýtyga “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at dakyldy.
Anna Paýtyk 2005-nji ýylda aradan çykdy. Ýazyjynyň çagalary halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler.
Mahym TAGANOWA.