Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gurlan şypahanalarda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda giňden tanalýan şypahanalaryň biri-de Baýramaly şypahanasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Baýramaly şypahanasy iň bir gelim – gidimli melhemler mekanynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda bu şypahanada raýatlarymyzyň sekiz ýüze golaýy dynç alýar we öz saglyklaryny berkitýärler. Şypahananyň gür baglyga, gül-gülzarlyga beslenip oturmagy bu ýere gelýän raýatlarymyzyň ruhuny has-da belende göterýär. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde töwerege görk berip oturan gür baglar bu ýerde saglygyny berkidýän adamlara oňaýly täsirini ýetirýär. Bu şypahana özüniň tebigat aýratynlygy, arassa howasy we gün şöhlesiniň iň köp düşýän ýeri hökmünde beýleki şypahanalardan aýratyn tapawutlanýar. Bu şypahanada her möwsümde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän bagtyýar raýatlarymyz sapaly dynç alyp, öz saglyklaryny dikeldýärler. Şypahana gelýän adamlar eli ýeňil lukmanlar, şepagat uýalary we beýleki hyzmat ediş bölümleriň işgärleri tarapyndan güler ýüz bilen garşylanýar. Şypahanada adamlaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilip, bu ýerde dynç alýanlaryň saglygyny dikeltmekde iň kämil tehnologiýaly bejeriş enjamlary ulanylýar. Şypahanada elektrofarez, lazer bejergi, dürli görnüşli galwaniki toklar, stat duşy ýaly fizio bejergiler, mundan başga-da owkalamagyň dürli görnüşleri raýatlara lukmanlaryň görkezmesi esasynda bellenilýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmäge uly ýardam berýär. Bu ýerde oturdylan döwrebap lukmançylyk enjamlar adam bedeniniň duz, ýag, suw, iýmit çalşygyny we gan aýlanyşygyny, böwrek, ýürek, gan – damar hem-de merkezi nerw ulgamlaryny, daýanç hereketlerini sazlaşykly kadalaşdyrmaga kömek edýär. Mineral wannalar üçin şypahananyň çäginden 870 metr çuňlukdaky dik guýudan çykýan hlorid – natriý mineral suwy ulanylýar. Bu ýerde ynsan saglygyny duzly we ýodly howa bilen bejerýän ýöriteleşdirilen otaglar hem bar. Döwrebap şypahanada ynsan saglygyny günüň şöhlesiniň täsiri astynda bejeriş usullary bolsa onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýeri gün wannasy diýlip atlandyrylýar. Lukmanlaryň görkezmelerine laýyklykda gün wannasynda bir wagtda elli adam bejergi alyp bilýär. Lukmanlar bu usulyň böwrek – peşew ýollaryny bejermekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar. Şypahananyň sport zalynda dynç alýan raýatlary sport enjamlarynyň kömegi arkaly bejermek usullary hem peýdaly usullaryň biri hasaplanylýar. Dynç alynýan otaglaryň tämiz we arassa saklanylmagy, olarda zerur bolan enjamlaryň goýulmagy dynç alýanlaryň göwnüni göterýär. Şypahananyň giň we döwrebap naharhanasynda bolsa dynç alýanlara tagamlaryň, ýokumly işdäaçarlaryň, süýji – naz nygmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenip, olaryň kadaly naharlanmagy üpjün edilýär. Şypahananyň döwrebap çaýhanasy hem hemişe köp adamly. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp bu ýere gelýänlere hödür edilýär. Döwrebap şypahanada dynç alýan adamlar medeniýet öýünde geçirilýän gyzykly medeni çärelere, aýdym – sazly çykyşlara tomaşa etmekden hem ruhy lezzet alýarlar. Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň döwrümize mynasyp çykyşlary bilen dynç alýanlary begendirip durýarlar. Şypahanada dynç alýan adamlar üçin “Gadymy Merw” döwlet taryhy – medeni goraghanasynyň çägindäki ýadygärliklere gyzykly gezelençler hem yzygiderli guralyp durulýar. Şypahanada saglyklaryny berkitýän bagtyýar raýatlarymyz özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkünçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.