Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda Mary welaýat tele radio studiýasynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş edip, olar öz çykyşlarynda dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler dogrusynda nygtap geçdiler. Has takygy, çykyş edenler Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda garalan meseleler, şol sanda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin bellediler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna, ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy. Bu taryhy senelerde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meseleleriň geljekde döwletleriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygy barada aýdylan täsirli gürrüňler söhbetdeşligiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Söhbetdeşlikde aýdylan her bir gymmatly maglumatlaryň ýurdumyzyň ösüşi babatynda uly ähmiýete eýedigini äşgär etdi.
Täsirli bolan söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyp, çykyş edenler ýurdumyzyň ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolmagynda, milli kanunçylygymyzy has-da kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.
Maksat JANMYRADOW.