Mary welaýatyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Gök derek” hojalyk jemgýeti 2013-nji ýylda esaslandyrylan, öz öndürýän ýokary hilli önümleri bilen içerki bazarda öz ornuny tapan öňdebaryjy kärhanadyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat ugurly ösmegine goşant goşmaklygy aýdyň maksat edinýän şu telekeçilik kärhanasy agaç önümlerini, pol örtüklerini, agaç gaplamalaryny, jaýlaryň gurluşygynda ulanylýan beýleki önümleri, şeýle hem agaçdan ýasalýan ýokary hilli öý esbaplaryny we mebelleri öndürýär. Kärhana häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilip, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda dolandyrylýar. Onuň önümçilik bölümleirniň Germaniýanyň, Şwesiýanyň agaç işläp bejerýän iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak gerek. Kärhananyň önümçiliginde ulanylýan çig mal – dürli görnüşli agaçlar Russiýa Federasiýasyndan gelip gowuşýar. Bu ýerde çig mal ilki bilen ýokary ekologiýa ülňülerine laýyklykda saýlanylyp alynýar. Soňra agaç ýörite guradyjy kameralarda howa çyglylygyndan saplanyp, gaýtadan işlemäge taýýar görnüşe getirilýär. Agaç mehaniki taýdan işlenilip, oňa ýalpyldawuk we çyzgyly görnüşler berilýär. Önümçilikde millilik bilen utgaşdyrylan hojalyk maksatly mebel dizaýnlary, gap – gaçlar hili hem harytlyk görnüşi boýunça sungat eseri derejesine ýetirilýär. “Gök derek” hojalyk jemgýetiniň işgärleri daşary ýurtlarda, şol sanda Şwesiýada ýörite okuwlary geçip gelen hünärmenlerdir. Şeýlelikde olar kämil tehnologiýaly enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler. Kärhananyň telekeçileri geljekde agaç gyryndylaryny gaýtadan işläp, gurluşykda giňden ulanylýan önümleri öndürmekligi meýilleşdirýärler. Kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümleri hojalyk jemgyýetiniň welaýatyň ak bazarlaryndaky ýöriteleşdirilen dukanlary arkaly alyjylara ýetirilýär. Hünärmenleriňdir işçileriň altmyşdan köpräginiň zähmet çekýän ýeri bolan bu hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalaryndan gelip gowuşýan buýurmalar esasynda-da ýokary hilli agaç we agaç önümleri öndürilýär. Täzelikde kärhanada Awaza milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan medeni we dynç alyş merkezleri üçin buýurmalar boýunça öndürilen pol örtükleriniň, agaç gaplamalarynyň uly tapgyry ugradyldy. “Gök derek” hojalyk jemgýetiniň işgärleri milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna döwletimiz tarapyndan döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.