Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirlen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň işgärleri we kitaphanaçylar gatnaşdy. Bu ýerde ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň şanly wakalary we şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyna hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzda erkana ýaşaýşy üpjün edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.