Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçiligiň ösdürilmegi ykdysadyýetiň sagdynlaşmagyna, onuň durnukly ösmegine ýardam berýär. Telekeçilik işi mynasyp oruny eýelemek bilen ynamly öňe barýan ýurdymyzyň ösüşiniň has ýokary başlangyçlaryna üstünlikli çykmagyna kuwwatly itergi berip, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Aýperi” haryt nyşanly aşhana kagyzlaryny öndürýän önümçilik kärhanasynda hem işler sazlaşykly ýola goýulýar. Ýurdymyzda telekeçilik işlerini giňden ýaýbaňlandyrmak we bu ulgamy ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan işlerden ruhlanyp tutanýerli zähmet çekýän Mary welaýatnyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Aýperi” haryt nyşanly aşhana kagyzlary kärhanasynda kagyz önümçilik işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu kärhananyň ähli bölümleri dünýäniň ösen döwletleriniň belli kompaniýalarynyň kuwwatly awtomatik enjamlar toplumy bilen üpjün edilen. Öndürijilikli işlemek üçin gerek bolan 100% Sellüloza çig maly Russiýa, Türkiýe, Özbegistan döwletlerinden getirilýär.
Taýýar çig mallar awtomatik usulda dolandyrylýan bu ýokary hilli enjamlar kärhananyň hünärmenleriniň gözegçilik etmegi arkaly işledilýär we ekologiýa taýdan arassa dürli ölçegde aşhana kagyz süpürgiçleri, nemli-gigiýeniki we bakteriýalara garşy süpürgiçleri taýýarlanýar. Awtomatik usulda dolandyrylýan Hytaý halk respublikasynyň bu kämil tehnologiýaly enjamlaryň bir gije – gündiziň dowamynda bir tonna ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçiligi bar. Kärhanada tegeklere saralan süpürgiç matalar, bu enjamlaryň epleýji, nem we hoşboý ys beriji, kesiji, sanaýjy bölümlerinden geçip dürli görnüşdäki gelşikli, ulanmaga oňaýly bolan daşlyklara gaplanýar. Aşhana kagyzlaryna bolsa dürli şekildäki nagyşlar basylyp tegeleklere saralan, eplenen we dürli reňk berilen birnäçe ölçeglerdäki görnüşleri taýýarlanýar. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenleriň aglaba bölegi ýaşlar bolup, olar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda giňden belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň işgärleriniň bu kärhanada zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleri doly we dogry berjaý etmek barada hem-de ýurdymyzda geçirilmegine doly derejede taýýarlyk görülýän Birleşen Milletler guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 3-nji maslahatynyň taryhy ähmiýeti dogrysynda wagyz nesihat çärelerini geçirmekleri, netijeli zähmet çekip, işde tapawutlanan hünärmenleri sowgatlar bilen sylaglamaklary hem aýratyn bellärliklidir. Öndürijilik kuwwaty ýokary bolan bu hususy kärhanalaryň işçileri telekeçilik işlerine uly goldaw berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.