Ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň bereketli topragymyzdan öndürýän gök we miwe önümleri içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygyny emele getirip, halkymyzyň bu önümlere bolan isleglerini üpjün edýär. Bu önümleri gaýtadan işläp, ony ýokary hilli azyk önümi görnüşinde ilata ýetirmek ýurdumyzyň söwda ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň önümi gaýtadan işleýän kärhanalaryň işlerini talabalaýyk ýola goýmak barada öňde goýýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Ilatymyzyň gök we miwe önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ýylyň bütin dowamynda alyjylary bu önümleriň gaplama görnüşleri bilen üpjün etmegi maksat edinip işleýän Murgap önümçilik birleşiginiň işçileri önümi gaýtadan işlemek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy netijesinde önüm öndürmekde zerur bolan gök we miwe önümleri terligi bilen kärendeçilerden we ýer eýelerinden ylalaşykly baha esasynda satyn alynýar. Bu ýere getirilýän miwe we gök önümleriň saýlama görnüşleri ilki bilen hil barlagyndan geçirilip, soňra önümçilige goýberilýär. Önümleri gaýtadan işlemek işleri bolsa kämil tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly ýerine ýetirilýär. Birleşigiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň işçileri şu günler hyýar we pomidor ýaly gök önümleri gaýtadan işlemek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Döwrebap hem göze gelüwli gaplara gaplanylýan önümleriň harytlyk derejesi hem üpjün edilýär. Işçileriň gündelik çekýän irginsiz zähmetleri ýerine-de düşýär. Bu ýerde pomidor, hyýar ýaly gök önümleri gaýtadan işlemek işlerem sazlaşykly alnyp barylýar. Gündelik kabul edilýän gök önümiň hasyllary talabalaýyk derejede arassalanylyp, olardan gaplama görnüşli ýokary hilli azyk önümleriň uly tapgyrlary taýýarlanylýar. Önümçilik kärhanasynda taýýarlanylýan gaplama görnüşli duzlanan gök önümler bolan hyýar we pomidor önümleri hem-de pomidor goýaltmasy özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, halkymyzyň uly isleglerine eýe bolýar. Bu kärhanada möwsümiň dowamynda şular ýaly döwrebap azyk önümleriniň her aýda ortaça 277,7 müň şertli gaby öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň önümi gaýtadan işleýän kärhanalaryň işlerini kämilleşdirmek barada edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän bu önümhananyň işçileriniň öndürýän gaplama görnüşdäki gök önümleri içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň emele getirilmegine uly ýardam berýär. Azyk ulgamynyň işgärleriniň öndürýän bu ýokary hilli önümleri daşary ýurtdan getirilýän azyk önümleriň ornuny tutup bilýän önümler bolmagy bilen bir hatarda ýurdumyzda geçirilýän azyk önümleriň sergilerinde-de mynasyp orunlara eýe bolýar. Birleşigiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän bu önümhanasynyň işçileri şu günler halkymyzyň ösen isleglerini nazara almak bilen bu azyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürmekligiň üstünde hem işleýärler.Birleşigiň işgärleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek barada alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edýärler.