Gadym zamanlarda bir ussat halyçynyň ýetişen ogly we adamsy başga ýurduň hanyna ýesir düşýär. Zat bereýin diýse zady ýok, nätjegini bilmän kysmata bil baglap, köp horluk çekip, oňa hanyň huzuryna barmak miýesser edipdir. Han zenanyň arzyny diňläp:
— Türkmenler haly dokamaga ussat diýýärler, eger bir aýyň dowamynda meni haýran etjek haly dokasaň, ýesirleriň birini boşadaýyn — diýipdir. Şeýlelik bilen ussat halyçy işe başlapdyr. Bir aý geçeninden soň, ol halyny alyp hanyň huzuryna barýar. Bu ajaýyp halyny gören han akyly haýran halda seredip durupdyr-da:
— Sen, hakykatdanam, işiňe ussat ekeniň, bir haly dokapsyň, şu halyň üçin men ýesirleriň birini boşadýaryn — diýipdir. Onda zenan:
— Beýik han! Men iki haly dokadym, ol ikidir, beýle tarapyny hem bir görüň — diýipdir.
Han halynyň arka ýüzüne seredip görse, ýurdunyň ajaýyp ýerleriniň şekilleri hala çitilen ekeni. Halydaky suwly çeşme akar bolup uzalyp, oňa suwa inmäge gelen jerenler, ir-iýmişli baglara gonan guşlar, ýaşyl maýsaly meýdanlar, ýaňy açylyp gelýän gülälekler, daşda bolmadyk dagyň kerti, dogup gelýän Günüň şuglasy hany haýrana goýupdyr. Han hezretleri senedine ussat zenanyň iki ýesirini hem boşadyp goýberipdir. Ana, şeýdip, türkmen zenany iki ýüzli ajaýyp haly dokap, senedi bilen ogluny we adamsyny ýesirlikden boşadyp, Watana dolanypdyr.
Taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW.








