Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim, medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde ýurdumyzda yglan eden “Zergärçilik sungatym – miras daragtym” atly bäsleşiginiň Baýramaly şäher we Baýramaly etrap tapgyrlary geçirilip, ol ýokary ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň hem-de Baýramaly şäher we Baýramaly etrap Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryna zergärçilik bilen meşgullanýan dürli kärdäki hünärmenler, zenanlar gatnaşdy. Bu bäsleşikde çykyş edenler onuň şertlerine laýyklykda öz saýlap alan hünärleriniň ähmiýetini, milli gymmatlyklarymyza bolan sarpasyny, Watanymyza bolan buýsançlaryny çeper sözüň üsti bilen wasp etmek, milli şaý-sepleriň taryhy syrly şekilleriniň manysy barada ýygnan maglumatlaryny, şaý-seplerini taýýarlamagyň dürli tärleriniň we usullarynyň surat şekilleri arkaly gürrüň bermek, milli şaý-sepleriniň belli bir görnüşini ýasamakdaky ussatlygyny açyp görkezmek hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli mirasymyza goýulýan hormat-sarpany, ony dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleri goşgudyr gazal ýa-da aýdym aýtmak arkaly wasp etdiler. Bu ýerde milli zergärçilik önümlerinden gurnalan sergi hem hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda altyn, kümüş şaý-seplerimizi döredýän zergärleriň öz hünärlerine bolan ussatlyklaryny açyp görkezmek arkaly ýaş nesillerimizde zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň Baýramaly şäher we Baýramaly etrap tapgyrlarynda has şowly çykyş eden zergärlere onuň welaýat derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi hem-de olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dursun Ilbegiýewa.








