Golaýda Mary şäherindäki “Göwher” toý mekanynda TAP-nyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. “Zenanlar — ýaşaýşyň gözelligi” ady bilen geçirilen dabara TAP-nyň welaýat komitetiniň zenan işgärleri, işjeň agzalary, mährem eneler, geňeşlikleriň zenan arçynlary, zähmetde öňdebaryjy zenan kärendeçiler gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mährem ene Akgözel Serdarowa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa, Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa, Garagum etrabynyň medeniýet bölüminiň çeper bezegçisi Enejan Kadyrowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda zenanlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda, şeýle-de, ene keramaty, türkmen zenanynyň asyllylygy, öý-ojagyna wepalylygy dogrusynda giňişleýin gürüň etdiler.
Mährem zenanlaryň şanyna tutulýan dabarada welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk çäresiniň şowhunyny artdyrdy.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








