Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden “Ýylyň zenany” atly bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirilip, ol ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigini açyp görkezdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat Zenanlar bölüminiň gurnamagynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna etrap, şäher saýlama tapgyrlarynda tapawutlanan dürli kärdäki we dürli ýaşdaky işewür zenanlaryň ençemesi gatnaşdylar. Zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny, hünär kämilligini açyp görkezmek, olaryň önümçilige we ýurduň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek, zenanlaryň zähmet hemem durmuş işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde oňa gatnaşan zenanlar jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlary boýunça üstünlikli çykyş etdiler. Dürli öwüşginler bilen milli äheňde bezelen ajaýyp sahnada çykyş eden zenanlar türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni mirasyny bagtyýarlyk döwrüniň ösen talaplaryna laýyk kämilleşdirmekde, milli däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimiziň aýratynlyklaryny, keşdeçilik sungatynyň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, oba hojalyk önümçiligini we hususy telekeçiligi ösdürmekde alyp barýan asylly işleri barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň dowamynda halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýan işewür zenanlaryň ýaşaýyş-durmuşuna we kesp-kärine bagyşlanyp taýýarlanylan wideo şekilli görnüşleriň hödürlenilmegi bu ýere gelenlerde hemem bäsleşigiň emin agzalarynda aýratyn täsirler galdyrdy. Bäsleşikde has tapawutlanyp ýokary taýýarlykly çykyş eden zenanlar “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmak hukuguna eýe boldular we olar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Soňra bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzda zenan mertebesine uly hormat goýýan, Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








