Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher zenanlar bölüminiň hem-de welaýat we şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň bilelikde guramagynda «Zenan — zeminiň ýüregi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Welýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda guralan duşuşyga ak ýektaýly lukmanlar we TMÝG-niň şäher geňeşiniň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň bölüm müdiri, şäher zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Annagözel Saryýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgäri, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maýsa Mämmetdurdyýewa hem-de şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgäri, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Azatgül Akmyradowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda maşgalanyň jemgyýetiň esasy sütünidigini, ondan başlanýan terbiýäniň çaganyň geljekki durmuşynyň özenini düzýändigini nygtadylar. Şeýle-de, maşgala mukaddesligi, zenan sarpasy, çaga terbiýesi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Lukmanlar sagdyn nesilleriň kemala gelmegi bilen sagdyn jemgyýetiň döreýändigini, saglygyň baş baýlykdygyny, şol sebäpden ynsan saglygyny goramak üçin ýurdumyzda taýsyz tagallalaryň edilýändigi babatynda bellediler.
Mähri SAPAROWA.








